Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni mynasybetli bellenýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna dabaralar geçirildi. Baýramçylyk çäreleri ir säher bilen gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň ýanynda başlandy. Ähli ýerlerde ýaşyl tuglary pasyrdaýar, bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi we şadyýan keşpleri ajaýyp bahar gülleriniň dürli öwüşginlerine beslenýär. Dabara gatnaşmak üçin bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary geldiler. Şeýlede şu gün aşgabatlylar we ýurdumyzyň myhmanlary türkmen paýtagtynyň merkezinde, buýsanç bilen Magtymgulynyň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşen seýilgähde geçirilen dabaraly çärä hem gatnaşdylar. Bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna ýadygärlik dikeldildi. Bu seýilgäh eýýäm köpden bäri Aşgabat şäheriniň gelim-gidimli ýerleriniň birine, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň däbe görä duşuşýan ýerine öwrüldi. Elbetde, hut bu ýerde şu gün türkmen şahyrlary we edebi döredijiligiň köpsanly muşdaklary Beýik Pyraga bagyşlanan ajaýyp baýramçylyga gatnaşmak üçin ýygnandylar. Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehini bilen dünýä inen goşgular türkmen halkynyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň senasyna öwrülip, asyrlarboýy türkmenleriň milli ruhunyň esasyny düzýän ähli ajaýyplyklary wasp edýär. Bu gün Aşgabat şäheriniň bu gözel künjegine köp adam ýygnandy. Bu ýerde Beýik Pyragynyň heýkeli suw çüwdürimleriniň arasynda seleňläp görünýär. Ýadygärligiň töweregini örten gül halysy milletiň beýik ogluna bolan çäksiz söýginiň we hormatyň beýanyna öwrüldi.