Ýurt Garaşsyzlygymyzy alansoń 1992-nji ýylyń 18-nji maýynda Türkmenistanyń Konstitusiýasynyń kabul edilen güni taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziń milli senenamasynda bu taryhy gün Türkmenistanyń Konstitusiýasynyń we Magtymguly Pyragynyń şygryýet güni diýip yglan edildi. Bu sene mynasybetli ýurdumyzyń ähli künjeginde baýramçylyk dabaralary gińden ýaýbańlanýar. Garaşsyzlyk hem-de bu taryhy sene türkmen halkymyzyń bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmak baradaky umyt-arzuwlaryny hasyl etdi. Magtymguly Pyragynyń döredijilik zehini bilen dünýä inen şygyrlarynda köńül erkinligi, myhmanparazlyk, parahatçylyk,dünýä döwletleriniń, halklarynyń agzybirligi we hyzmatdaşlygy barada aýdanlary Gahryman Arkadagymyzyń saýasynda Berkarar döwletimiziń bagtyýarlyk döwründe durmuşa ornaşýar. Beýik Pyragynyń watançylyk, agzybirlik, bitewilik, öwüt- nesihat temasynda ýazan goşgulary ýaş nesillere nusga mekdebi bolup hyzmat edýär. Güneşli Diýarymyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyń döredijilik ussatlygyna ýokary baha berilýär. Goý, nusgawy şahyrlarymyzyń baý edebi mirasyna uly hormat goýýan türkmen halkymyzyń synmaz bitewüligi barha berkelip, ýurdumyzda elmydama uly toýlar tutulsyn. Bagtyyar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziń jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun !