Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagt galdy. Aziada—2017-niň resmi şekili üçin alabaýyň keşbiniň saýlanyp alynmagy örän ýerliklidir. Sebäbi türkmenler alabaýa ýakymly duýgular bilen garaýarlar. Bu itlerde wepadarlyk, gaýduwsyzlyk, hoşniýetlilik bar. Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy bilen şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň tumarynyň, nyşanynyň we şekiliniň taýarlanmagynda köp sanly ussat hünärmenleriň yhlasynyň we zähmetiniň bardygyny, şol sanda halkyň hem isleg-arzuwynyň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Munuň özi, islendilk döwletli işde bolşy ýaly, öz oňyn netijesini berdi. Aşgabat Aziadasynyň şekili bolan alabaýyň Wepaly diýlip atlandyrylmagy göwünleri galkyndyrdy. Halkymyzyň ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly eldeki haýwanlaryň täsin tohumyny döredendigini hem-de olary biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde diýen ýaly saklamagy başarandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir