Юрдуň Prezidentimiziň dünýäde giňden ykrar edilmegine eýe bolan özgertmeleri, şol sanda durmuş syýasaty netijesinde Türkmenistan iri möçberli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde öz abraýly ornuny has-da berkitdi. Bu sözler badyhowa ýa-da ýurdumyzy mahabatlandyrmak üçin aýdylan owadan sözler däldir. Aslynda-ha, öz ýurduňy taryplamak, üstünlikleriňe guwanmak hiç bir ýerde-de, hiç bir ýurtda-da gadagan edilen zat däl. Öz Watanyny jany-teni bilen söýýän, öz ykbalyny Watanynyň ykbaly, Watanynyň ykbalyny öz ykbaly hasaplaýan raýat üçin bu bir täzelik ýa-da täze açyş däl. Bu -durmuşyň we nesilleriň ykrar eden, tassyklan beýik hakykaty! Men bu zatlary näme üçin aýdýaryn, ilki bilen, häzirki wagtda ýurdumyza guwanmaga-da, buýsanmaga-da doly dahylly edýän, hiç hili şek-şübhe döretmeýän aýdyň hakykaty subut edýän ajaýyp durmuşymyzyň bardygy üçin aýdýaryn. ,,Gören deň bolmaz, eşiden gulak bilen" diýýär pederlerimiz. Ýöne ,,Taýagyň iki ujy bar" hem diýýändir türkmen. Ikinji aýtjak bolýan zadym, ýagşy zatdan ýaman zat gözlemäge synanyşmagyň lapykeç edýänligidir. Mysal üçin, şäherlerlerdäki we oba ýerlerindäki köçeleriň giňeldilmegi, ol töwereklerde bag-bakjalaryň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň, medeniýet ojaklarynyň, söwda merkezleriniň we beýleki durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurulmagy kime zyýan edýär?! Bu gurluşyklar, abatlaýyş işleri şu günki we geljekki nesiller hakynda edilýän alada dälmi?! Üçünji aýtjak zadym: diňe paýtagtymyzy däl, tutuş ýurdumyzy ,,Aziýanyň merjeni" diýdiren zat näme? Elbetde, ak mermerli döwrebap binalar! Soňky ýyllarda paýtagtymyzda bolup görmedik adamlar, ynanaýyň, şäheriň ösüşine haýran galýarlar. Aşgabady, gör, nähili öňdebaryjy şäherler bilen deňemeýärler. Eýsem, muňa guwanmaly dälmi?! Ýurt ösende şeýle hem bolmaly! Şu günki görýän şäherimiz, nesip bolsa, geljekde has hem özgerer we öser. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak isleýärin, ol hem raýatlara berilýän elýeter bahaly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň berilýänligidir. Mälim bolşy ýaly, bu ynsanperwer durmuş syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini we döwletini maksadalaýyk ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş syýasatynyň netijesinde her ýyl müňlerçe adam döwrebap jaý toýlaryny tutýarlar.