Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bedew bady bilen öňe barýan mähriban Diýarymyz 9-njy maý Ýeňiş güninde şanly Ýeňşiniň 72 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belleýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri, weteranlarymyz bilen duşuşyklar geçirilýär, olara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar, milli gahrymanlarymyzyň ýagty ýädigärligine gül desseleri goýulyp sarpalanýar. Uruş weteranlary bilen geçirilýän dabaraly duşuşyklarda gahrymanlarymyz öz ömür ýollary, uruş ýyllarynyň agyr günleri, ýeňşiň gymmaty, Watan mukaddesligi barada gürrüňleri berýärler. Berkarar däwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Beýik Watançylyk urşunda duşmanlara garşy söweşde mertlik görkezen gahrymanlarymyza, tylyň zähmetkeşlerine aýratyn üns we hormat bilen garalýar. Weteranlarymyzyň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin hemmetaraplaýyn aladalar edilýär. Halk gahrymanlarymyzyň görkezen mertligi, gaýduwsyzlygy türkmen halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizde ata Watanymyza wepalylygy, watansöýjülikli duýgusyny terbiýelemekde görelde bolup durýar. Ýurdumyzda gaýduwsyz gahrymanlarymyz hakynda yzgiderli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn! Ähli türkemen halkymyzyň şanly 72 ýyllyk baýramy gutly bolsun.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir