Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň çäginde we töwereklerinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bag ekmek, olara döwrebap ideg etmek ýaly parz hem sogap işler günsaýyn rowaçlanýar we barha ýaýbaňlanýar. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy üçin ýurdumyzda her ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň ýüz müňlerçe düýbüni ekmek işleri halkymyz tarapyndan agzybirlikde we ruhubelentlikde durmuşa ornaşdyrylýar. Bag ekmek bilen baglanşykly il-ýurt bähbitli işlere ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri, ýaş nesiller uly höwes bilen gatnaşýarlar. Çünki bag ekmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek eziz Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge türkmen tebigatynyň gözelliklerine gözellik goşmaga, ata Watanymyzy jenneti mekana öwürmäge öňyn şertleri döredýär. Yzygiderli geçirilýän umumymilli bag ekmek möwsümleri diňe türkmen topragynyň gözelligini artdyrmaga däl-de, eýsem biziň ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny berkitmäge, adamlar üçin oňaýly durmuş şertlerini döretmäge, olaryň göwnejaý dynç almagyna gönükdirilendir. Ekologiýa babatda möhüm başlangyçlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä forumlarynyň, şol sanda BMG-nyň Baş Assambileýasynyň mejlisleriniň we 2012-nji ýylyň tomsunda Braziliýada geçirilen durnukly ösüş boýunça “RIO+20” halkara maslahatynyň belent münberlerinden beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa meseleleri boýunça beýan eden başlangyçlarynyň halkara guramalary, şol sanda BMG tarapyndan goldaw tapandygyny aýratyn bellemek gerek. Berkarar döwletimizi bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllarda Aşgabatda, şol sanda ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we ilatly ýerleriň töwereginde millionlarça bag-nahallary oturdyldy. Bu bolsa ýaşaýyş we umumy ekologiýa ýagdaýy üçin şertleriň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda Türkmenistan el bilen döredilen tokaýlyklary, gök öwüsýän baglyklary, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alys ýerlere hem onlarça müň gekdar meýdana ýaýylyp gidýän hoşboý ysly seýilgähleri we bagy-bossanlyklary bilen myhmanlary haýran edýär. Baharyň ajaýyp gününde geçirilen ählihalk ýowary hem tutuş ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylyp, oňa müňlerçe adam höwes bilen gatnaşdy.