Türkmen halkynyň ähli arzuw-umytlary ösüp gelýän ýaş neslimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanyň geljekki ykbaly bilen gönüden-göni bagly bolan bu meseläniň ähmiýeti has-da artýar. Şol sebäpden hem ol döwlet ähmiýetli meseleleriň birine öwrülýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň beden taýdan sagdyn, päk ahlakly, bilim almaga, hünär öwrenmäge höwesli, zähmetsöýer, başarnykly adamlar bolup kemala gelmeklerini gazanmak üçin, olar bilen körpelikden çynlakaý meşgullanylýar. Biziň ýurdumyzda “Türgenler parahatçylygyň ilçileridir, olar öz ussatlygy we erki bilen adalatly bäsleşikde olimpianyň belent taglymlaryny ösdürýärler, ýaşlar üçin görelde bolýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýola goýulmagyna, işjeň durmuş garaýyşlarynyň kemala gelmegine ýardam edýärler” diýen şygardan ugur alynyp, ýurdumyzda bu ugurda beýik işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabatda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarymyzyň merkezlerinde we obadyr şäherlerimizde, soňky ýyllarda döredilen nusgawy obalarda, şäherçelerde gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalaryny, köpugurly stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýörite sport mekdeplerini synladygyňça eziz Diýarymyza bolan söýgümiz we buýsanjymyz goşalanýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen dabaralaryň biri-de “Awaza” sport toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň taryhyna altyn sahypany ýazan şanly waka ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, ýaş nesilleri sporta çekmek, sagdyn bedenli, belent ruhly adamlar edip ýetişdirmek işiniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini ýene bir gezek ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. 28,5 gektar meýdanda, sözüň doly manysynda, “Sport şäherjigi” döredilipdir. Onuň düzüminde halkara ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň: sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweşjeň sungatlar bilen meşgullanmaga niýetlenen binalaryň 7-si bolup, olar dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň sport enjamlary bilen üpjün edilipdir. Şeýle-de toplum özüne edara binasyny, 150 orunlyk maslahatlar zalyny, 200 orunlyk naharhanany, tennis, woleýbol, kiçi futbol üçin açyk meýdançalary, inžener-tehniki desgalary, 250 orunlyk awtoduralgany birleşdirýär. Toplumyň merkezindäki uly sport zalynda kiçi futbol, basketbol, uly we stoluň üstünde oýnalýan tennis, gandbol, woleýbol oýnamaga, gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik bar. Bu ýerde 2 müň 355 tomaşaçy orunlyk münber gurlupdyr. Toplumyň başa-baş söweş sungaty binasynda hem 2 müň 272 tomaşaça niýetlenen münberli uly meýdança döredilipdir. Toplumyň bütin töweregi boýunça welosiped we ylgaw ýodajyklary gurnaldy. Türgenlere we tomaşaçylara amatly bolmagy üçin ähli şertler döredildi. Olaryň hatarynda türgenler üçin ýaşaýyş jaýlary, medeni we söwda merkezleri, myhmanhanalar, restoranlar, kafeler, dükanlar, durmuş hyzmaty kärhanalary we awtoduralgalar, şeýle hem pyýada geçelgeler we monorels ýoly bar. Bu işleriň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň Sport ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara topary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, hökümete degişli bolmadyk halkara guramalar, ilkinji nobatda, Halkara Olimpiýa Komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňelder. Türkmen sportunyň arassalygyny saklamak hem-de sportda dopingiň ulanylmagyna garşy göreşi utgaşdyrmak üçin, Türkmenistanda Bütindünýä doping agentligi bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerine girişildi. Şu ýyl bu maksatlar üçin Türkmenistanda Milli dopinge garşy agentlik döredildi. “Il saglygy – ýurt baýlygy” şygary Türkmenistanda raýatlaryň köpüsiniň gündelik durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Iri sport toplumlarynyň, ýokary netijeli sport, şeýle hem köpçülikleýin sport üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň gurluşygy alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň diňe bir paýtagtynda däl, eýsem welaýatlarymyzda hem innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap sport merkezleri, stadionlar, dürli bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary jemgyýetimiziň, esasan hem, ýaş nesillerimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşine hyzmat edýär. Diňe 2020-nji ýyla çenli döwürde Türkmenistanda 119 sport mekdebini we 128 beýleki sport desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk uly sport toplumynyň – Olimpiýa şäherjiginiň döredilmegi bolsa döwletimizde eziz Diýarymyzy halkara sport ýaryşlarynyň we bäsleşikleriniň geçirilýän mekanyna öwürmäge, milli sportuň abraýyny has hem artdyrmaga aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.