Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bedewlerimiziň şöhraty, ýer ýüzündäki abraýy barha belende galýar. Ata Watanymyzda atçylyk pudagynyň ösdürilmegi, şeýle hem atşynaslaryň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly syzmagy başarýan ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň inçe syrlaryny halkymyz nesilden-nesle geçirip, biziň şu günki günlerimize ýetiripdirler. Türkmen halkynyň durmuşy onuň hemişelik ýoldaşy bolan gamyşgulak bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi biziň ata-babalarymyz ençeme müňýyllyklaryň dowamyndan atçylyk bilen meşgullanyp, dünýäde owadan, güýçli, ýyndam atlary ösdürip ýetişdiripdirler. Sarpasy belent bedewler biziň şu günki günlerimizde-de uly şöhrata eýedir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda milli baýlygymyza öwrülen tohum atlaryň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, ösdürmek barada uly aladalar edilýär. Her ýyl Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen ýokary hilli ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşikde ýeňiji bolan atlar yglan edilip, olaryň seýislerine döwlet tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. 2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýanyň esasy maksady ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmakdan, daşary ýurtlarda arassa ganly atlaryň hasaba alnyşyna gözegçilik etmekden, olary gorap saklamakdan we ahalteke atlarynyň naýbaşylarynyň baş sanyny köpeltmekden ybarat bolup durýar. Onuň döredilmegi bolsa atçylyk pudagynda beýleki döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny dünýä ýaýmaga giň ýol açdy. 2015-nji ýylyň noýabrynda “Atçylyk we atçylyk sporty barada” Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi bolsa atçylyk sportyny ösdürmäge hem kämilleşdirmäge uly itergi berdi. 2016-njy ýylyň 5-nji aprelinden 5-nji maý aralygynda geçirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň we “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň 5-nji maýda jemleýji tapgyry boldy we şol gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda atly ýörişe badalga berildi. Şol gün sagat 17:00-da Nusaý döwlet medeni-taryhy goraghananyň ýanyndan 17 atly türkmen ýigitleri bedew atlara atlanyp ýola düşdüler. Olar Ahal welaýatyndan başlap, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda (her welaýatda 100 gün) bolup, Aziýa oýunlarynyň başlanjak güni Olimpiýa stadionyna dabaraly ýagdaýda girerler. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hem türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan ahalteke bedewidir. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli gymmatlygy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandydyr. Olar bütin dünýäde özüniň ýyndamlygy, üşükliligi, çydamlylygy we haýran galdyryjy gözelligi bilen tanalýar. V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda ýerleşdirilen atyň şekili sagdynlygy alamatlandyrýar. Ýurdumyzda geçiriljek bu uly sport baýramçylygynda sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde atçylyk sportunyň (konkur) hem goşulmagy türkmen halkynyň bedew atlarymyza ýokary baha berýändigini görkezýär. Türkmeniň behişdi bedewleriniň şöhratynyň belende galýandygyny atlar hakynda aýdylýan pähimlerden, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ýazan eserlerinden hem görýäris. Olary okan wagtymyzda gowy gylyk-häsiýetli, ýyndam bedewlerimiziň halkymyzyň buýsanjyna, guwanjyna öwrülendiginiň şaýady bolýarys. Il içinde milli buýsanjymyza öwrülen bedewlerimiz bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary ýatlap geçeliň. At agynan ýerde toý bolar. Ertir turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy. Atdyr ýigidiň myrady. Atym bar - ganatym bar. Ataň barka at gazan, atyň barka ýol gazan. At aýlanyp, gazygyny tapar... Görnüşi ýaly, akylly, adam ýaly syzgyr atlara bolan söýgi türkmen halkynyň kalbynda müdimilik ýaşapdyr. Durmuşda bolsa bedew atyň belli bahasy bolmandyr. Mundan başga-da ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny, atly sport oýunlaryny we atlaryň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň buýsanjy we şan-şöhraty bolan bedew atlarymyzy dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. Ussat halyçylarymyz behişdi bedewlerimiziň keşbini ussatlyk bilen halynyň ýüzünde çeper suratlandyrýarlar. Heýkeltaraşlarymyz bedew atlarymyzyň ajaýyp keşbini ussatlyk bilen janlandyrýarlar. Bagşy-sazandalarymyz bolsa bedew atyň waspyny ýetirip, öz aýdym-sazlarynda beýan edýärler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary bolsa dürli ýurtlarda üstünlikli çykyş edip, türkmen bedewlerini dünýä äşgär edýärler. Türkmen edebiýatynda hem türkmen bedewleri mydama taryplanyp gelnipdir. “Görogly”, “Oguznama” ýaly eserlerde türkmen halkynyň ata bolan milli buýsanjy ýokary derejede görkezilýär. Bulardan başga-da nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň, Mätajiniň döredijiliginde bedew temasynda ýazylan ajaýyp eserler hem bar. Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplarynda türkmeniň ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, ýyndamlygy, gözelligi, çydamlylygy barada gyzykly maglumatlar berilýär. Ahalteke bedewlerimiz berkarar Watanymyzyň şan-şöhratydyr. Häzirki wagtda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda gazanylýan her bir üstünlikler raýatlarymyzy buýsandyrýar we täze belentliklere ruhlandyrýar.

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir