Hytaýly türgen, 56 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalyň eýesi Li Fabin: ― Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullansaň-da, ilkinji nobatda, şoňa bolan höwes gerek. Agyr atletika bilen kiçiligimden gyzyklanamsoň, oňa bolan höwesim ýylsaýyn artyp, şu günki gün men diňe bu sport görnüşi bilen ýaşaýaryn. V Aziýa oýunlaryna barylýan ýolda şeýle ýaryşlaryň geçirilip durulmagy türgenler üçin tejribe toplamakda ägirt uly mümkinçilik bolup durýar. Şonuň üçin bu ýaryşy geçirmäge, esasan-da ― biz daşary ýurtly türgenlere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýurduň hormatly Prezidentine alkyşymyz çäksizdir. Ýaryşda meniň bilen bile gelen kärdeşim Long Deçengden biraz tapawutlanyp, ikinji orna — kümüş medala mynasyp boldum. Bu gazanan ýeňşim hem meniň üçin uly netije. Ýaryş örän ýokary derejede guralypdyr. Türgenleriň taýýarlygyna bolsa söz ýok. Olaryň ýeňiş ugrundaky görkezýän erjellikleri diýseň täsirli. Ýaryş meýdançasyna çykýan türgenleriň aglaba bölegi ussatlyk bilen agyr göwrümdäki ştangany götermegiň hötdesinden gelýärler. Muny diýmek bilen, ýaryşda ýeňiş gazanmagyň ýeňil-ýelpaý däldigini aýtmak isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, ýokary derejede dowam edýän çempionatda ähli türgenlere üstünlik arzuw edýärin.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir