Tailandly türgen, 48 kilograma çenli zenan türgenleriň arasynda altyn medalyň eýesi Tunýa Sukçaroýen: — Men Türkmenistana birinji gezekl gelip görýärin. Bu ajaýyp ýurda birinji gelşimde agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşmak we altyn medala mynasyp bolmak mende çäksiz şatlyk döretdi. Men agyr atletika bilen 7 ýyldan bäri meşgullanýaryn. Geçen ýyllaryň içinde halkara ýaryşlaryň birnäçesine gatnaşdym. Bu gezekki ýaryşa meni tälimçi Niwat Limsuknirun taýýarlady. Aşgabada gelmezden ozal, meniň birlen bir agram derejesinde güýçli türgenleriň bardygyny bilýärdim. Hususan-da, maňa türkmenistanly bäsdeşimiň güýçlüdigini aýtdylar Şonuň üçin hem ýaryşa örän jogapkärçilikli taýýarlandym. Netijede, ýeňiş gazanyp, altyn medala mynasyp bolmak we Tailandyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagyny gazanmak ykbalymyň iň ýakymly pursatlarynyň birine öwrüldi. Aşgabat mende ýakymly täsir galdyrdy. Men bu şähere Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde hem gelip görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Olimpiýa şäherjigi halkara ýaryşlary geçirmek üçin örän gowy sport toplumy bolupdyr. Men Türkmenistanyň yklym ýaryşyny ýokary derejede geçirjekdigine ynanýaryn.