10-njy bolum Bize şeýle zatlaryň hiç wagt gürrüň berilmeýänindenmi-nämemi, men Annagülüň hatyny okap, ençe günläp özümi tutup bilmedim. Ondan gaty gorkdum. Hatyny ýyrtyp zyňdym hem-de onuň hatyna jogap ýazmadym. Men Aşgabada durmuşa çykdym. Bir gün ýolda mugallymlarymyň birini gördüm. Onuň bilen saglyk-amanlyk soraşdym. Mugallym maňa: —Çüriýewa hakda eşitdiňmi?—diýdi.—Ol dokumentlerini düzetdirip gitdi. —Çüriýew Annaguly bolupdyr. —Aý, mugallym, şonuň adynam tutmaň—diýip, men mugallymy Annagül hakda gürrüň etmäge goýmadym.—Ýüregim erbet bolýa. —Onuň üçin ýüregiň erbet bolup durmasyn—diýip, mugallym ýylgyrdy.—Daşary ýurtlarda onuň ýaly zatlary geňem görüp duranoklar. Telewizorlarda görkezip durlar. Biziň eşitmeýänimiz üçin oň ýaly wakalar bize täsin eşidilýär. Bu ýerde hiç hili gorkunç hem üýtgeşik zat ýok. Olar ýalylar hem biziň ýaly adamlar. Bir kiçijik operasiýa bilen olar hut biziň ýaly adamlara öwrülýärler. Özem Çüriýew Annaguly öýlenipdir. Men göremde, ýanynda gül ýaly, owadan gelnem bar eken. —Ol hem ile goşulan bolsa, bolaýypdyr —diýdim-de, men mugallym bilen hoşlaşyp gaýtdym. Ine, meniň täsin joram Annagül şeýle adam bolup çykdy. *** Hekaýanyň özeninde bolan waka ýatyr. 1993 ý.