9-njy bolum Annagülüň özi men» diýip, bir ýigidiň meni gujaklamasy meniň zährämi ýardy. Özem indi ol, seretdigimsaýy Annagüle meňzäbem barýardy. Meniň ýüregim bökdi-de, titräp gitdi. Eşidip duran zatlarymdan gaty gorkdum. —Waý, eje!—diýip, gygyrypdyryn. Ýanymda kursdaşym däl-de, şeýtan duran ýalydy. Men ylgap, öýe gaçdym. Öýe giribem, essimden gidipdirin. Meniň özünden gorkanymy görüp, Annagül yzyna gidipdir. Ejem meniň ýüzüme suw sepip, meni özüme getirdi. —Waý, eje jan, men gorkýan—diýip, men özüme gelenimden soň ejemi gujaklap agladym. Ýüregim titräp, esli salym özüme gelip bilmedim. Ejeme uniwersitetde okan döwrümdäki ähli bolan wakalary gürrüň berdim. —Annagül atly, biziň bilen bir otagda jora bolup ýaşan gyz, hana, öýe oglan bolup gelipdir. Ejesini bize gudaçylyga iberipdir. Bu näme boldugy, eje? Ol oglan bolup, nädip özüni biziň ýanymyzda gyz saýyp ýaşadyka? Mugallymlar ony näme, bilmedilermikä? Ýa şeýdip, özüne gyz saýlajak boldumyka?—Biraz dymyp, men pikirimi başgaça dowam etdim.—Aý, ýok, oglan bolub-a ol biziň aramyza girip bilmezdi. Sebäbi onuň familiýasy žurnallarda gyz familiýasylygyna ýazylardy. Ady hem Annagül. Ejem ikimiz bu ýagdaýa näme diýip, näme aýtjagymyzy bilmedik. Bize Annagülüň oglan sypatynda gelmegi biziň üçin düýş ýaly bir zat bolup geçdi. Agşam naharymyzy iýip otyrkak, bize başga bir ýigit geldi. Ol meniň elime hatly bukjany tutduryp gitdi. Bukja salnan bolsa-da, hatyň ýüzünde hiç hili möhür ýokdy. Diňe meniň adresim bardy. Hat elin uzadylýan bolmalydy. Haty açyp, okap başladym. Haty joram Annagül ýazýardy. «Oglan eşigini geýip baryp, seni gaty gorkuzdym öýdýän, Güljemal jan» diýip, Annagül hatyny başlaýardy. «Şeýdenime öt günämi. Sen gorkarsyň öýtmedim. Meniň bilen oturyp, düşünişermikäň öýtdüm. Oglan eşikli baranym üçin öt günämi! Durmuşda adamyň başynda her hili günler bolýan eken. Başyna meniň günüm düşmedik adamlar beýle zatlaryň barlygy hakda pikirem etmeýärler. Eşitseler, ynanarmy-ynanmazmy, bilmedim. Men çagajykkam özümi ilden üýtgeşikdirin öýtmeýärdim. Ýöne ulaldygymsaýy özümiň ilden üýtgeşikligimi duýdum. Ulalamsoň, meni sypap-sermäp ulaldan ejem hem maňa ýagdaýy düşündirdi. Siam ekizleriniň bitişik döreýşi ýaly, bitişik käşirleriň bolşy ýaly, adam nesillerinde hem jynsy goşalanmalar bilen dogýan çagalar bolýan eken. Ýöne beýle zatlar hakda bize aýtmadylar hem aýtmaýarlar. Şeýdip menem hem oglan, hem gyz bolup, dünýä inipdirin. Lukmanlar ejemi köşeşdiripdirler. Bu ýagdaýyň hiç hili zyýanly zat däldigini, ulalansoň, çagany operasiýa ýoly bilen haýsydyr bir jynsa ugrukdyryp bolýandygyny aýdypdyrlar. Çaga kämillik ýaşyna ýetensoň, organizm haýsy ugra gönükjek bolsa, çaga şol ugra ukyply bolýan eken. Onsoň, organizmiň ösmedik ugruny operasiýa arkaly ýok edip bolýan eken. Ejem gyz küýsäpdir. Şonuň üçinem hem ogul, hem gyz bolup dünýä inen perzendine gyz adyny dakypdyr. Oňa gyz eşiklerini geýdirip ugrapdyr. Men bolsam, ulaldygymsaýy erkek ugruna ýykgyn etdim. Erkek oglanlar bilen bokslaşyp oýnasym gelýärdi. Göreşesim gelýärdi. Sülmüremäge mende ukyp ýokdy. Gyzlary synlamagy gowy görýärdim. Oglanlar maňa süýkenip, meniň bilen gepleşjek bolsalar, halamazdym. Olaryň ýakasyndan alasym gelýärdi. Men uniwersitete girenimde gyz köýnegi bilen bardym. Gyz familiýasy bilen bardym. Ýöne men şonda eýýäm ýigitlik duýgusy bilen joşýardym. Maňa murt çykýardy. Ýöne az-owlak. Kän däldi. Size bildirmejek bolup, ony ogryn ütüşdirýärdim. Yzy bildirmez ýaly, üstünden her hili krem, pudra çalardym. Hammama gideniňizde meniň siziň bilen gitmeýänim şol ýagdaý üçindi. Özümiň kimdigimi hiç kime bildirmejek bolup, ýeke adamlyk hammama giderdim. Okuwa girdik. Otagymyza sen gelip girdiň welin, seni görüp, meniň ýüregim jigläp gitdi. Men şol pursatda seni söýdüm, Güljemal jan. Seni görenimde ýüregime hanjar urlan ýaly boldy. Men sensiz bir salym hem oňup bilmeýärdim. Uniwersiteti gutaryp, men özümi operasiýa etdirmek üçin Leningrada gitdim hem ymykly oglan bolup geldim. Indi men arkaýyn öýlenibermeli. Eger sen maňa gelmäge razy bolsaň, hatyma jogap ýaz, Güljemal. Hatyma jogap ýazmasaň, men seniň maňa durmuşa çykmaga razy däldigiňe düşünerin. Hem saňa gaýdyp azar bermen. Meniň ýaly ykbally adamlaryň başga-da bolýandygyna men ulalamsoň göz ýetirdim. Meniň ejemiň bir oglan dogany ilki Jumaýew bolup ýaşaýardy. Ol soňra Jumaýewa öwrüldi hem gowy oglana durmuşa çykdy. Ejemiň bir ýegeni Maral Myrada öwrüldi hem gowy gyza öwrüldi. Ine, menem Çüriýewa Annagülligimden Annaguly Çüriýew boldum. Gabat gelmesek, biz näme, bilip durusmy?! Ilde-günde-de maňa meňzeşler tapylýandyr. Meseläni çözmegi özüňe goýýaryn, Güljemal jan. Haty ýazan öňki joraň Annagül Çüriýewa, häzirki dostuň Annaguly Çüriýew».

Köneler, tarhun tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir