8-nji bolim Gyzlar, serediň. Köçede bir hezil zat bar. Biziň üçimizem Annagülüň oturan ýerinden trolleýbusyň aýnasyna ýüzümizi berdik. Daşary seretdik. Azat bir gyz bilen goltuklaşyp ýöräp barýardy. —Eý, Hudaý jan-eý, bizi Güljemalyň gözýaş dökmesinden Alla gorapdyr. Ol eýýäm birini tapypdyr. Ertire-de garaşmandyr—diýip, Annagül Azat hakda pikirini aýtdy.—Belki, ol gyz onda öňden bardyr. Ana, gyzlar, oglan diýen zadyň kimdigine göz ýetiriň siz. Olaryň belli bir gyza wepalylaram-a bardyr welin…—Şeý diýip, Annagül uludan dem aldy.—Aý, garaz, gyzlar, oglanlara seresap ýanaşmaly. Olardan çekeräk, gaçarak durmaly. Gyz ýigidi söýende, ýüregi bilen söýýä. Söýenini unudyp bilenok. Oglan gyzy gözi bilen söýýär. Owadandan-owadan gyzlar duşuberse, oglan gyz çalyşmagy hiç zatça görenok. Biz bäşinji kursy hem tamamladyk. Hem mähriban, hem eziz studentlik ýyllary bizdenem geçip gitdi. Gülüp, oýnap, degşip ýaşan ýyllarymyz bizdenem ara açdy. Guşlar ýaly, biziň herimiz öz gelen ýerlerimize ganat ýaýdyk. Öz obalarymyza, işe iberilen ýerlerimize ugradyk. Menem öz obamyza mugallym bolup işe geldim. Bir ýyl işledim. Bir ýyl işläp, zähmet rugsadyna çykdym. Okuwçylar kanikula çykdylar. Bir gün bize iki sany del daýza geldi. Olaryň biri maňa birhili, tanyş ýaly göründi. Onuň ýüzi maňa kimdir birini ýatladýardy. Ýöne ony kime meňzetjegimi hiç hakydama getirip bilmedim. Aýallar esli oturdylar. Myhmanlara çaý-suw, nahar goýuldy. Oturmaly wagtlaryny oturyp, soň olar turup gitdiler. Ejemiň ýüzi salykdy. Gaharlydy. Aýallar gidenden soň ol meni ýanyna çagyrdy. —Men «Meniň gowy gyzym bar» diýip ýördüm. Ýöne meniň masgara gyzym bar eken—diýip, ejem men ýanyna baryp oturamsoň, gaharly gepledi.—Saňa gudaçylyga gelipdirler. Sen ol aýalyň ogly bilen bir otagda ýaşanmyşyň. Men ejemiň bu sözlerine aňka-taňka boldum. —Eje, saňa biri ýalan gep getiren bolaýmasyn—diýip, ejeme ýapyşdym.—Ynanma, eje jan. Bir otagda oglan-gyz bolup ýaşamaga mugallymlar hem rugsat etmeýär. —Bilemok. Sen-ä şol oglan bilen bir otagda ýaşapsyň—diýip, ejem hem öýkeli, hem gaharly gepledi. —Gelen daýzanyň oglunyň ady nämekä, eje?—diýip, men ejemden soradym. —Adyny soramandyryn—diýip, ejem gelen aýalyň oglunyň adyny soramanyna müýnürgedi. Aýallar ýene yzlaryna köwlendiler. Ejem olara «Gyzym ogluňyzy tananok. Tanamaýan ýerimize gyz berip biljek däl» diýen sözi aýdyp goýberdi. Aradan bir gün geçensoň, bize inçesagt bir oglan geldi. Tomsuň günüdigine garamazdan, oglanyň egninde gara kostýumy bardy. Gara balaklydy. Ejem maňa «Kursdaşyň geldi» diýen sözi aýdansoň, men ýigidiň öňünden çykdym. Ýigidiň murty hem bardy. Ýüzem maňa gaty tanyşdy. Bile okan bolsagam, tanamadym. «Bir ýylda kursdaşlaryň hem ýatdan çykyşaýşyny» diýip, içimi gepletdim. Ýigit maňa bakyp ýylgyrýardy. Ol ilki maňa elini uzatdy. Men hem görüşmek üçin oňa elimi uzatdym. Ol meniň elimi gysdy. Soň bolsa, meni özüne tarap çekip, meni gujaklady-da, ýaňagymdan öpdi. —Güljemal jan—diýip seslendi. Kursdaşym bolsa-da, ýigidiň bolup durşuna, onuň özümi güjaklamasyna meniň gaharym geldi. —Kursdaşam bolsaň, beýdiberm-ä sen—diýip, men ondan yza çekilip, oňa igendim.—Kim seň özüňem? Men tanamadym seni? Ýigit ýene ýylgyrdy: —Tanamadyňmy? —Ýok, tanamadym—diýip, men ýene önki sözümi gaýtaladym. —Murt-zadam goýduramsoň, tanar ýaly bolmandyryn-ow men—diýip, ýigit murtuny sypady.—Hany, gowuja seret. Bäş ýyllap bir otagda ýaşan kursdaşyňy tanaňokmy sen? Meniň gaharym geldi: —Sen başga bir kursdaşy gözläp, bize ýalňyşyp gelen bolaýma. Ýa sen kellesi üýtgän biri. Özüňem gelen ýeriňe gidäý. Men seni «tanamadym» diýip aýtdym-a. Tanamagam islämok. —Kesellän wagtyň arkama göterdim. Aýaklaryňy gyzgyn suwa sokup, soň gijesi bilen arkaňy, aýaklaryny basyp çykdym—ýigit meniň başyma düşen zatlary sanady.—Şonda-da tanajak dälmi sen meni? —Ol zatlary sen däl, Annagül diýen bir gyz edipdi—diýip, men ýene gaharly gepledim.—Ýa sen Annagülüň doganymy? —Men Annagülüň dogany däl, Annagülüň özi—diýip, ýigit ýene maňa tarap süýşüp, meniň bilimden gujaklady.

Köneler, tarhun tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir