7-nji bolum Düşnükli, kaka—diýip, biz Annagüle hor bolup, jogap berdik. Dogrusy, Annagülüň aýdýanlary bizi gorkuzdy. Söýşüp, soň aýrylyşýanlar gaty kändi. Annagül dogry aýdýardy. Ony özümizem görüp ýördük. Annagül ýene biziň ýüzümize bir laý seredip çykdy: —Hany, indi daşardaky aşyga näme diýeli? Onuň bilen kino gidýäsmi? Annagül ejemiz ýaly bolup, bizi gorap duransoň, biz kino gitmek-gitmezlik meselämizi hem Annagülüň özüne goýduk. —Annagül kino gitmegi ýa gitmezligi özüň çöz—diýip, men Annagüle ýüzlendim.—Sen «gideli» diýseň, gidäýeris. Seniň gidesiň gelmese, gitmeris. —Oh, berekella. Ine, akylly gyz—diýip, Annagül meniň arkama kakdy.—Seniň şu jogabyň üçin, ol oglanyňam garaşyp durany üçin men size ol oglan bilen kino gitmäge rugsat berýän. Seniň-ä birbada onuň bilen gidesiňem geldi, Güljemal. Hem neneň-niçik ýigit ol, synlaly, göreli. Gylygy dagy bildirermikä? —Gylyg-a bildirmez onuň—diýip, Tawus gepe goşuldy. Men bolsam: —Kaka jan, bagyşla meni—diýip, Annagülüň boýnundan asyldym.—Görýäňmi, bizde seňki ýaly akyl ýok. Ýigit görsek, üýtgäberýäs biz samsyk gyzlar. —Onda kino gidýäs—diýip, Annagül hem kino gitmäge razy boldy.—Okuwlaram azalyp barýa. Hat-peteklerimizem bolduk. Kino-da göreliň-dä üýşüp. Annagül gapydan kellesini daşaryk uzatdy. —Eý, seniň adyň näme?—diýip, oglana ýüzlendi. Oglanyň «Azat» diýip, Annagüle jogap berýän sesi eşidildi. —Azat bolýan bolsaň, sen bize daşarda garaş—diýip, Annagül oňa jogap berdi.—Biz häzir geýnip çykýas. Biz geýnip, köçä çykdyk. Azat biziň umumy ýaşaýyş jaýymyzyň gapysynda bize garaşyp dur eken. Ol hem owadan eşikleri geýnipdir. Barymyz tirkeşip, köçä çykdyk. Soň trolleýbusa münüp, «Watan» kinoteatryna bardyk. Azat kino bilet aldy. Barymyz üýşüp, kluba girdik. Annagül oturmaly hatarymyza baryp, çet gyrada oturmaly ýere meni geçirdi. Soň meniň gapdalymda beýleki iki joramy oturtdy. Soň özi oturdy. Öz gapdalynda-da Azady oturtdy. Azat Annagülüň bizi beýle oturtmasyndan nägile boldy öýdýän. Ol kürşerip, bir meniň, bir Annagülüň ýüzüne seretdi. Soň meni Annagül ady bilen kabul edip duransoň, nägileligini bildirdi. —Annagül bärde oturaýmaly eken. Ony geçiräý bärik—diýip, Annagüle ýüzlendi. Annagül ýene gödek gepledi: —Annagül otyr ýanyňda. Oturyber. Azat gözlerini tegeledi: —Annagül seniň adyňmy? Biz Azat bilen Annagüle seredişip, ýylgyryşýardyk. —Biziň hemmämiziň adymyz Annagül—diýip, Annagül Azada jogap berdi. Azat ýene gözlerini elek-çelek etdi. Ýene nägile ýagdaýda gepledi: —Täsin ýagdaý. Beýle gabat gelme-de bolar eken. —Hawa, şeýle gabat gelme-de bolaýýar—diýip, Annagül Azadyň gepini makullady. —Meniň ýanyma ol Annagül geçsin-le—diýip, Azat maňa ýene gözüni dikdi.—Bile oturaýyn-la şonuň bilen. —Tapawudy näme ýanyňda kim oturanda näme?!—diýdi-de, Annagül meniň bilen ýerini çalyşmady. Özem birinji kursda ýanymyzda oturjak bolan kursdaşymyzy edişi ýaly, Azadyň goltugyndan tutdy.—Ine, menem gyz-a. Sen meniň bilen oturaý nädip otursaň. Gujaklaşyp oturasyň gelýämi gyz bilen? Kinoda oglanlar şeýdip, gyzlar bilen gujaklaşyp oturýalarmy? Şeý diýip, Annagül Azadyň goltugyndan goýberip, soň onuň boýnundan gujaklady. Azat Annagülüň elinden itdi: —Eý, bolşuň nähil-aý seniň, a gyz! Birdenem ol ýerinden turdy-da daşaryk ugrady. Gidip barşyna-da: —Däli öýdýän bu gyz—diýip, hüňürdedi. Ol kinodan çykyp gitdi. Kino görmäge biziň özümiz galdyk. Kinodan soň trolleýbusa münüp, umumy ýaşaýyş jaýymyza gaýtdyk. Trolleýbusyň aýnasyndan daşaryny synlap gelýän Annagül birden bize daşaryny görkezdi

Köneler, tarhun tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir