6-NJY BOLUM Annagülüň ara sokulyp, gepini tükelläp durmasyna oglanyň gahary geldi: —Ýat oglan bilen gyzyň arasynda näme gürrüň bolar öýdýäň? Gürrüň-dä. —Ýat oglan bilen şu otagyň gyzlarynyň arasynda hiç hili gürrüň bolmaýar—diýip, Annagül oglany gapa tarap itdi. Sen gelen ýoluňa gidiber. Oglan Annagülüň bolşuna gözlerini mölertdi: —O näme üçin? —Üçini şol—diýip, Annagül oglana belli bir zat aýtman durdy. —Aýt-da «üçinini» diýip, oglan hem Annagüli sypdyrmady. —«Üçini ýok» şonuň —diýip, Annagül oňa jogap gaýtardy. Annagülüň oglany aýlandyryp durşuna biziň barymyz mys-myslaşyp gülýärdik. —Aýdyljak gepi bir ol gyza diňlemäge goý sen, a gyz—diýip, oglan Annagüle ýüzlendi.—Jenaýatkäriňem gepi diňlenýär-ä. Onsoňam, men seniň bilen däl-de, bu gyz bilen gürleşmäge geldim. —Hawa, aýt gepiňi—diýip, Annagül soňra ol oglana gepini aýtmaga rugsat berdi.—Ýöne ol gyz seniň bilen gürleşmeýär. —Näme üçin gürleşmeýär?—diýip, oglan Annagülüň bolşuna gaharlandy.—Ýöne «gürleşmeýär» diýip dursuň. Daşaryk çyksyn şol bir mint. Men onuň bilen daşarda gürleşjek. Oglan maňa tarap bakyp goýberdi. Annagül ýene onuň myrryhyny tutdurdy: —Aýtdym-a men. Ol gyz daşaryk çykanok. Näme gepiň bar bolsa, şu ýerde aýdyber. —A gyz, adyň näme seniň?—diýip, oglan meniň ýüzüme bakyp sorady.—Oba gidenimizde bile gidip-gelsegem, adymyzy soraşaýmandyrys. Ýigit uzyn boýludy. Syratlydy. Ol meniň bilen tanyşmak islese, men ýüz öwrerinem öýdemokdym. Sebäbi gyz görgülem ahyr bir gün biriniň üstüne garamatyny atmaly ahyry. Sulhy alany bilen tanyşmaly, onuň bilen durmuş gurmaly. Durmuşyň şerti şeýle. Indi okuwlaram gutaryp barýardy. Ýuridiki fakultetde okaýan syratly oglan meniň gözüme erbedem görnenokdy. Men ol oglana öz adymy aýtmakçy boldum. Onýança Annagül menden öňürtdi: —Ady Annagül ol gyzyň—diýip, ýigide jogap berdi. Biz joralar bolup, ýene mys-myslaşyp gülşüp başladyk. Annagül bolsa, gülmeg-ä aňyrda dursun, hatda ýylgyranokdam. —Annagül—diýip, oglan meniň ýüzüme seretdi.—Gitjekmi, men seni kino äkitmäge geldim. —Ol seniň bilen kino gitmeýär—diýip, meniň ýerime ýene Annagül oglana jogap berdi. —O näme üçin?—diýip, oglan Annagülden sorady. Annagül: —Kakasy ibermeýär—diýdi. Oglan gözlerini tegeledi: —Obadaky kakasy gyzynyň Aşgabatda kino gidenini bilip durmaz-a. —Biler—diýip, Annagül oglana ýeň bermedi.—Kakasy hemme zady görüp-bilip ýör. Oglan suslandy: —Yzyna düşýärmi? —Hawa—diýip, Annagül oglana jogap berdi. Oglan meniň bilen her hili ýagdaýda-da kino gitse, razy boldy: —Onda joraňyzyň gapdaly bilen sizem gidäýiň. Men siziň hemmäňizi äkideýin kino. —Bolýa, Annagül joramyz gitse, bizem gidäýeris kino—diýip, Annagül ýigide köşeşdiriji söz aýtdy.—Bar, sen daşaryk çyk. Biz maslahatlaşaly. Ýigit daşary çykdy. Men Annagüle ýüzlendim: —Annagül. Seniň ne işiň bar biziň ýanymyza gelýän oglanlar bilen? Seniň beýdip, bizi gorap ýörşüň bilen bizi hiç wagt hiç kim söýmezem, bizi är hem almaz. —Almasa almasyn—diýip, Annagül maňa-da gödek jogap berdi.—Ejeňiziň ýanyna baraňyzsoň, bararsyňyz äre. Häzir oglanlar siziň bilen tanşan bolardar. Söýşen bolarlar. Gujaklaşan bolalar. Soň bolsa olaryň köpüsi bi, okap ýören gyzlary zyňyp, öýde gün görmän oturanja gyzlary alýar. Okuwly gyzlara öýlenmegi olaryň köpüsi halap baranoklar. Men gaty kän oglany tanaýan şeýdip ýören. Şonuň üçin bi, aşyksumaklar daşrakda gezsin. Size-de okuwyňyzy gutarman, hiç kim bilen söýüşmek gerek däl.—Annagül şu sözleri aýdyp, biziň hemmämiziň ýüzümize seredip çykdy.—Düşnüklimi, gyzlar?

Köneler, tarhun tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir