5-nji bolum Annagül aşyny içip bolansoň, meniň kellämi, aýaklarymy basyp berdi. Arkamy owkalady. —Uzak ara beýdip, gelip durma, ýadarsyň—diýip, men Annagüle tabşyrdym.—Indi men gowy. Gelme. Ara daş ahyry. —Meniň üçin daş däl bu aralyk. Men ol ýerden bu ýere bir bökemde gelýän—diýip, Annagül ýol geçip ýadamanyny aýtdy.—Sen ýaramaňsoň, ol ýer saňa daş göründi. Men Annagüle «men gowy» diýsem-de, dümew meni gaty aljyradýardy. Men hem gyzdyrýadym, hem üşüdýärdim. Titräp ýatyrdym. Annagül endam-janymy owkalap, meni ukladansoň, ýene pagta ýygmaga gitdi. Ol agşam ýene geldi. Öý eýelerinden kitir alyp, bir çäýnek suw gaýnatdy. Ony legene guýdy-da, meniň aýaklarymy gyzgyn suwa sokdurdy. Üstüme ýorgan büräp oturtdy. Az salymdan men myžžyk bolup derledim. Suw sowansoň, ol meniň aýaklarymy suwdan çykaryp, meni ýene gowy basyrdy. Suwly legeni daşaryk äkidip, suwuny döküp gelensoň, ýene meniň aýaklarymy basdy. Özem aýaklarymy şeýle bir sypap basýardy welin, meýmiremezlik mümkin däldi. Meniň aýaklarymy gowy basyp, gije bir çene baransoň, Annagül ýene yzyna gitjek boldy. Öý eýesi daýza ony goýbermejek boldy. —A gyz, daşary garaňky, ýol uzak. Senem ýatyber joraň ýanynda—diýip, ol Annagüle ýatyp gitmegi tabşyrdy.—Gorkarsyň. Gitme bu wagt. Gyz maşgalasyň. Öňüňden biri çykmagy mümkin. —Alada etme, daýza. Öňümden çykanda kim meni başyna ursun—diýip, Annagül öý eýesi daýza «gal» diýse-de, gidermen boldy.—Ylgap giderin. Men bir bökemde mekdebe barýan. Joramy saklasaňyz bolýa. Size men bir ýük bolmaýyn. Öý eýeleri: —Ýük bolaňok, a gyz. Gal —diýselerem, Annagül diňlemän, öz bolýan ýerimize gitdi. —Joraň seni nähili gowy görýän eken—diýip, öý eýeleri hem Annagülüň maňa hyzmat edişini geňlediler. Irden gözümi açsam, ýene ýanymda Annagül otyr. —Wiý, sen eýýäm geläýdiňmi?—diýip, men gözümi açalak-ýumalak edip, oňa gep goşdum. Annagül meniň maňlaýymy elläp gördi: —Gyzgynyň-a indi birneme gaýdypdyr. Düýn gaty alada etdim seni. Düýn gyzgynyň beýikdi. Annagül bu gün hem günortan, agşam menden habar tutdy. Bir hepde diýlende dümew menden aýryldy. Men tä özüme gelýänçäm, Annagül günde üç wagtyna menden habar tutup durdy. Meniň gutulan günüm ol meniň bilen gujaklaşyp ýola düşdi. Biz öý eýelerine minnetdarlyk bildirip gaýtdyk. Ene bir hepde pagta ýygyp, biz pagta ýygymyny tamamlap, okuw jaýymyza gaýdyp geldik. Hernäçe deňimizden geçiresimiz gelmese-de, gyzykly hem mähriban studentlik döwri bizdenem geçip barýardy. Biz dört jora bolup, her ýyl şol bir otagymyzda ýaşaýardyk. Aý-günüň nädip geçenini bilmedik. Eýýäm biz hem bäşinji kursuň studentidik. Bäşinji kursda filologlaryň gapdalynda ýaşaýan ýuristleriň fakultetinden bir oglan meniň bilen tanyşlyk açmak isledi. Ol oglan ýat oglan däldi. Biziň goňşy obamyzdandy. Öýe gaýdanda, yzymyza, okuwa gidenimizde köplenç ýolda gabat gelýärdik, salamlaşýardyk. Ol bir gün agşamlyk otagymyza geldi. Gapyny kakdy. —Giriberiň—diýip, biziň dördimizem gygyryşdyk. Içerik şol oglan geldi. Bile ýolda gidip, salamlaşyp ýörsegem, men onuň adyny bilemokdym. Ol hem meniň adymy bilmeýän eken. Ýöne ol gapyny açanda, maňa gözi düşüp, meni daşaryk çagyrdy: —A gyz, seniň bilen birje mint gepleşmek mümkinmi? Men oglanyň ýanyna göni barsam-da boljakdy. Ýöne Annagül bizi oglanyň ýanyna goýbermän ýörensoň, hamala ondan rugsat soraýan ýaly, men onuň ýüzüne seredipdirin. Soň okap oturan kitabymy goýup, ýerimden turdum. Ýöne men ol oglanyň ýanyna barmankam, Annagül onuň näme üçin gelenini sorady: —Näme etjek ol gyzy? —Gürrüň bar—diýip, oglan Annagüle jogap berdi. Annagül ony sypdyrmady: —Nämäniň gürrüňi?

Köneler, tarhun tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir