3-nji bolum Annagülüň bolşuna biz gyzlar bolup, mys-myslaşyp gülşüp başladyk. Annagülüň bolşy urşa ýazarlydy. Ýöne kursdaş adamkärçilik etdi. Ol ýerinden turdy-da, hemmämiziň öňümizdäki ýörelýän ýoljagazdan geçip, Annagülüň ýanyna baryp oturdy. —Boldumy indi?—diýip, Annagülden sorady. —Boldy—diýip, Annagül ornaşykly oturdy. Kursdaşa ýüzlendi.—Seni gujaklabam oturaýynmy? Kursdaşyň ýene gözleri tegelendi: —Eý, Çüriýewa, bolşuň nähil-aý seniň. Men hiç kim bilen gujaklaşmaga gelemok. Ýöne gelip oturaýdym şu partada. Onýança Annagül kursdaş oglanyň boýnuna gol saldy. Biz Annagülüň bu bolşuna hikirdeşip gülüşdik. Kusdaşymyz gyz maşgalanyň öz boýnundan aslyşmasyna hasanaklap ýerinden turdy-da, biziň partamyzdan gitdi. Yzky partalaryň birine geçip oturdy. —Däli-leý sen, Çüriýewa—diýip, hüňürdedi. —Däli bolsam, gelmäň meniň ýanyma—diýip, Annagül ol kursdaşa jogap berdi.—Şu gyzlaňňam ýanyna oglan gelmeli däl. Men goraýan olary. —Sen olaryň ejesimi?—diýip, meniň ýanymda oturjak bolan kursdaşymyz Annagülden sorady. —Kakasy—diýip, Annagül oňa jogap berdi. Annagülüň bu sözüne töwerekde oturanlar gülüşdi. —Gyzlaryň ýanyna oglan eltmeseňem, özüň-ä oglany gujaklabam dursuň. Oglan bilen gürleşmek saňa bolýar-da, beýleki gyzlara bolanokmy?—diýip, kursdaşlaryň başga biri Annagüle gep goşdy. —Maňa bolýar oglan bilen gepleşmegem, gujaklaşmagam—diýip, Annagül hondanbärisiräp gepledi.—Başga gyzlara bolanok. Mugallym gelip, sapak başlansoň, hemmeleriň sesi galdy. Annagül nahar iýip otyrkak, çaý içip otyrkak, ýa-da sapaklary okap bolup, ýöne mesawy gürrüň edip otyrkak, bizi synlar oturardy. Ol bize şeýle bir gözüni dikýärdi welin, gözleri içimizden geçip barýardy. Hatda onuň gözlerine seretmäge bizde ragbat bolmazdy. Onuň gözlerinden nazarymyzy sowmak üçin bir tarapa bakan bolardyk. Ol bolsa bizi synlap oturyşyna biziň herimiziň synamyz hakda bir zat diýerdi: —Güljemalyň aýaklary owadan. Tawusyň agzy owadan. Geplemän, iýip-içmän, ýöne otyrkaň seniň agzyň açylmadyk gunça meňzeýär, Tawus. Jereniň gözleri owadan. —Seniň nirän owadan?—diýip, biz hem onuň öz üstünden düşerdik.—Hany indi özüň hakda-da aýt-da. —Meniň nirämiň owadanlygyny siz aýtmaly bolarsyňyz-a—diýip, Annagül bize ýylgyryp bakardy.—Nirämiň owadanlygyny meniň özüm aýdyp bilmen-ä. —Ýok, aýt niräň owadanlygyny—diýip, biz ony gününe goýmadyk.—Gyzlar aýna bakyp daranýarlar, garanýarlar. Özüniň haýsydyr bir owadanlygyndan razy bolup, geýnip, toýa, okuwa çykýarlar. Senem öz gözelligiňi duýýansyň-a. —Meniň beýnim owadan—diýip, Annagül bizi gülüşdirdi.—Ýöne ol kellämiň içinde bolansoň, ony hiç kim duýanok. Annagülüň hem öz owadanlygy bardy. Ýöne ol agajetdi. Hordy. Horlugyndan ýaňa onda iliň gyzynda bar zat hem ýokdy. Döşüniň galyp duran ýeri ýokdy. Döşi tep-tekizdi. Käte gyzlar oýun edip, oňa degerdiler: —A gyz, Annagül, sen durmuşa çyksaň, çagaňy nädip emdirerkäň? Sende çaga emdirer ýaly zadam-a ýok. Ol biziň diýýänlerimizi gaty görmezdi. Biziň beýle sözlerimize ýylgyrardy. —Çagamy her gün biriňiziň üstüňize eltip emdirderin—diýerdi. Annagülüň jüýk burny bardy. Gözleri uludy, ýitidi. Ýöne näme üçindir onuň gözlerinde gussa bardy. Gözleri pikirlidi. Ol nirädir bir ýere seredip otyrka-da pikire batar oturardy. Ol käwagt meni gujaklap oturardy. —Seni gowy görýän, Güljemal. Otaga gelip giren pursadyňdan seni gowy gördüm—diýip, ol maňa ýapyşanda aýdardy. Ke günem ýatyrkam, meniň krowatyma münüp, meniň ýanymda ýatardy: —Bile ýataly-la. Gowy bolýa. Men özümi şeýle gowy görýän joramyň göwnüne degmejek bolup, onuň ýanymda ýatmagyna zat diýmezdim. —Ýataý ýanymda—diýerdim. Ol meniň ýanymda süýnerdi hem meni gujaklap ýatardy. Men oňa degýärdim: —A gyz, Annagül, daşary ýurtlylara öýkünjek bolýaňmy sen? Joraň bilen nikadan geçäýjek bolýaňmy?