Türkmen halky goňşuçylyk gatnaşygyna äýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçin halkymyzyň arasynda:”Kyýamat güni goňşudan” diýen aýtgy döräpdir. Goňşyň bilen araň saz bolsa, iýeniň-içeniň hem ýerine baryp duran ýaly. Çünki ýeteriňi-ýetmeziňi-de goňşularyň bildirtmeýär. Sähel näsaglandygyňy eşitseler dagy gelip, halyňdan habar alyp, göwünlik bererler. Şol pursat seniň ýadawlygyň-da, ýarawsyzlygyň-da el bilen aýrylan ýaly bolar. Şeýle ýagdaýlar halkymyzyň arasynda “Ýer alma, goňşy al” ýaly nakyllaryň döremegine sebäp bolupdyr. Bu günki gün türkmen halky goňşuçylyk gatnaşyklaryna äýratyn üns berýär. Bu däp özüniň başlangyjyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ony biz “Görogy”, Gorkt ata” eposlarymyzyň myslynda-da görüp bilýäris. Çünki türkmen goňşynyň ornuny mydama öýüniň töründe saklapdyr. Goňşy paýyny hödür edipdir. “Ajy otlaryň biteninden, bitmedigi ýeg. Goňşy gelmeýän öýüň ýykylany ýeg” diýen ýaly atalar sözlerini döredipdirler. Goňşy döwlet bolan Özbegistan bilen türkmen halkynyň gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanandan soň daşary ýurtlara eden ilkinji saparyny türkmen topragyndan başlady. Şol mynsybetli Lebap welýatynda Yslam Karimowyň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol günlerde halkara derejeli awtomobil we demir ýol köprüleriniň hem açylyş dabaralary boldy. Amyderýanyň üstünden geçýän bu desgalar Özbegistan döwleti bilen türkmen halkyny geljekde has-da ysnyşykly gatnaşyklara elter. Iki döwletiň arasynda otuz müň tonnalyk fosfor dökünini almaklyk barasynda, oba hojalygynda sürüm, dökün we beýleki işleri geçirmek üçin gerek bolan maşynlary satyn almak, suwaryş ulgamyna degişli birnäçe şertnamalar baglanyşyldy. Goý, özbek-türkmen goňşuçylyk gatnaşyklarynyň dowamat-dowam bolsun!