“At agnan ýerde toý bolar” diýilişi ýaly, her bir güni toý-baýrama beslenýän türkmen halkymyz her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde behişdi bedewlerimiziň baýramyny uludan toýlaýar. Halkymyzyň uçar ganaty, syrdaşy bolan bedewlerimiziň taryhy örän uzaklardan öz gözbaşyny alyp gaýdýar, çünki türkmen halky durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirip bilmeýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitabynda şeýle setirler beýan edilýär: “Gapysynda bedewi kişňeýän, yssy ojagynda bolsa, gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan mähribanlary bar kişi özüni juda bagtly hasap edipdir. Durmuşyň esasy daýanjy, guwanjy, begenji hem şatlygy şol üç ýagdaýyň – bedew atyň, göwün diýen maşgalaň, perzendiň aman-esenligi bilen beýiklige göterilipdir”. Behişdi bedewlerimiziň wepalylygy, ýyndamlygy, gözelligi nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde, Görogly, Gorkut ata şadessanlarymyzda belentden wasp edilýär. Toý – baýramlarymyzyň bezegi bolan ahalteke bedewlerimiziň şöhraty dünýä dolýar. Ussat atşynaslarymyz irginsiz zähmeti, seýisçilik ukyby, tälimleri bilen atçylygy ösdürip, ony sungat derejesine ýetiripdirler. Zergärlerimiz behişdi bedewlerimiziň şanyna iň bir naýbaşy şaý-sepleri döredip, olaryň gözelligine gözellik goşupdyrlar. Ynsanyň ýakyn syrdaşy bolan bedew atlarymyzy sarpalamak ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary netijesinde has belent derejelere ýetirildi. Bu ugurda alnyp barylýan işlere ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinde täze Ahalteke atçylyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, döwlet sirkimiziň binasynyň täzelenmegi, at üstünde çykyş edýän artistlerimiziň çykyşlarynyň täzeden dikeldilmegi, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, “Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň” döredilmegi mysal bolup biler. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpany, paýtagtymyzda geçiriljek Aziadanyň baş nyşanyna öwrülmeginde hem görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler ýar bolsun! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň baýramy gutly bolsun!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir