2-nji bölüm Annagül meniň golumy goýberdi-de, ýöremesini goýdy. Ýigidiň alkymyna dykylyp bardy. Oňa: —Meniň joram seni söýmez—diýdi. Ýigit öz ýoluna gidibermedi. Ol hem Annagül bilen kejeşmäge durdy: —Söýer seniň joraň meni. Annagül birden ýigidiň ýakasyndan tutdy-da, ony itip goýberdi. Annagülde şeýle bir güýç döredi. Annagülüň itmesinden ýigit arkanlygyna entirekledi. Birdenem büdräp ýykyldy. Men Annagüle ýapyşdym: —A gyz, «Utanaňokmy ýigit bilen uruşmaga» diýýän-ä men saňa. Ýör indi, dawalaşma. Ýigit ýerinden turup, üst-başyny kakyşdyrdy-da, gaty-gaty ýöräp, bizden ara açyp gitdi. Gidip barşyna hüňürdedi: —Däli gyz diýsä. Däli öýdýän bi. Şunam bir betbagt alar bir gün. —Indi bi oglan şu töwerekde hiç kim bilen söýüşmänjik geçer—diýip, Annagül oglanyň yzyndan seredip barşyna ýylgyrdy. —Näme üçin ony beýtdiň, Annagül—diýip, men ýöräp ugramyzsoň, ýene Annagüle igendim.—Belki, ol gowy oglandyr. Tanyşsa, belki, meniň ony söýmegim mümkin. Gyz maşgala ahyr birine barmaly ahyry. —Okuwyňy gutarýançaň hiç kimem söýeňok sen—diýip, Annagül maňa käýedi.—Sen okuwa geldiňmi ýa söýüşmäge? Annagülüň sözüne iki joram güldi. Men bolsam, Annagüli iten boldum: —Waý-waý, ine, maňa garawul gelipdir. Sen näme, meniň ejemmi ýa kakammy, a gyz?! —Ikisem—diýip, Annagül bir bolşuny saklap gepledi. Ýylgyrjagam bolmady.—Haýsy diýip, kabul etseň, edäý meni. Men ýylgyrdym: —Bolýa, men saňa «kaka» diýäýjek. Sebäbi ejem-ä birini söýüp, ýalbarsam, onuň bilen duşuşyga-da ibermegi mümkin. Kakam bolsa asla söýüşdirmez. Ol asyl oglana tarap seretdirmezem. —«Diýäý «kaka» diýip» durun-a men—diýdi-de, Annagül ýene meniň goltugymdan tutdy.—Oglan bilen gepleşmegem gerek däl, tanyşmagam. —Bolýa, kaka jan—diýip, men Annagüle jogap berdim. Uniwersitetde okanlar bilýändir, uniwersitetde mekdepdäki ýaly belli bir partada okamak düzgüni ýok. Uniwersitetde her kim islän partasynda, islän kişisiniň ýanynda oturybermeli. Sulhy alan oglan gyzyň ýanynda, gyz oglanyň ýanynda oturyberýär. Bir sagatda biriniň ýanynda otursaň, ikinji sagatda ýene başga biriniň ýanyna geçip oturyp bolýar. Kursdaşlar-da. Kursdaşlar hem edil klasdaşlar ýaly, biri-birine dost, mähriban bolýarlar. Ýolda bize lak atan ýigit bilen gaharlanyşyp baranyndanmy-nämemi, Annagül auditoriýa girenimizde hem gaharlydy, keýpsizdi. Biz dört jora bolup, dördimizem bir parta çökdük. Leksiýa geçilýän auditoriýalaryň partalary-da köp student ýerleşer ýaly, uzyn-uzyn bolýar. Auditoriýanyň içinde öňden yza üç hatar edilip goýlan partalaryň hersinde sekiz-on adam bolubam ýerleşip bolýar. Ýeke oturasy gelýänler iň yzky partalarda ýeke öýliniň horazy ýaly, ýeke-de oturyp bilýär. Jaň kakylyp, mugallym gelmezindan öň studentler degşip-gülşüp, partalarda ornaşýardylar. Biziň oturan partamyza kursdaş oglanlaryň biri gelip oturdy. Özem meniň gapdalymda oturdy. Onuň meniň gapdalymda oturasy geldimi ýa-da tötänden oturdymy, kursdaşyň ýanymyza gelmegine Annagülüň myrryhy tutdy. Kursdaş gelip oturdy welin, Annagül oňa ýüzlendi: —Eý, bar başga parta geç. Annagülüň bolşuna kursdaş aňk-taňk boldy. —Näme üçin?—diýip, Annagülden gözlerini tegeläp sorady. Annagül oňa-da godeklik bilen jogap berdi: —«Geç» diýlende geç-dä. Uçini bilen näme işiň bar? Kursdaş ýerinden turmady: —Näme üçinligini aýtmasaň, geçjek däl. Nirede oturylanda näme saňa?! Annagül dazzarylyp, ýerinden turdy-da, ony itdi: —Gyzyň ýanynda oturasyň gelýän bolsa, geç meniň ýanyma. Güljemalyň ýanynda oturmak bolmaýa. Annagülüň diýýän sözlerine kursdaşyň agzy açyldy: —Ikiňizem gyz. Tapawudy näme haýsyňyzyň ýanynda oturanymda.