Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli bilim ulgamy gün saýyn ýokary derejede ösýär-özgerýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly atalyk aladalary edilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler milli Liderimiziň başlangyjy esasynda başlandy. Hormatly Prezidentimiz 2013-nji ýylyň 1-nji martynda «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permana gol çekdi. Bu Perman esasynda 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilim kadasy girizildi. Orta bilim alýan ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek işine hem möhüm ähmiýet berlip, rus, iňlis, fransuz, nemes dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Şu ýyldan başlap, ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna hytaý we ýapon dilleri hem girizildi. Bu görülýän tagallalar ýurdumyzy mundan beýläk hem gülläp ösdürjek, giň gözýetimli we ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary ýetişdirmekde öz miwelerini berýär.