Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda boljak uly wakalary nazara almak bilen, ony “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçirmegi teklip etdi. “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň” esasy wezipeleriniň hatarynda durmuş ähmiýetli taslamalary, şol sanda çagalary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, raýatlylyk we watançylygy terbiýelemek, ösüp gelýän ýaş nesli ruhy-ahlak taýdan ösdürmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. “Bütindünýä sagdynlyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär” diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçýär. Sagdyn we işjeň durmuşyň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyz raýatlarymyza ajaýyp görelde görkezýär. Hemmeleri, ilkinji nobatda bolsa ýaşlary sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketi kuwwatly ösüşe hem-de giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky öňdengörüjilikli strategiýasy sport döwleti hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär. Milli sportumyz halkara bäsleşiklerine çykmak bilen, täze-täze belent ösüşleri başdan geçirýär. Türkmen sportunyň gysga wagtda gazanan üstünlikleri türkmen halkymyzy diýseň guwandyrýar. Muňa sport ýaryşlaryna janköýerleriň barha köpelýändigi hem mysal bolup biler. Çünki her bir raýatyň kalbynda milli sportumyza bolan milli buýsanç duýgusy barha joş urýar.