Dünýädäki her bir milletiň, her bir halkyň özüne has däbi, özboluşly dessurlary bar bolup, bu dessurlary şol halkyň taryhy, medeniýeti barada gürrüň berýän bir kitaba meňzetmek bolar. Islendik halkyň şeýle däplerini, taryhyny bilmeklik şol halk bilen gowy aragatnaşykda bolmaklyk üçin zerur serişdeleriň biri bolup durýar. Çünki bir halkyň däbine hormat goýmaklyk şol halkyň geçmişine, ata-babasyna hormat goýmaklykdyr. Biziň türkmen halkymyzyň hem başгalara meňzemeýän aýratyn, özboluşly däpleri we özenini müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmene mahsus bolan dessurlary bar. Bu dessurlar nesilden-nesle, dilden-dile geçip häzirki güne çenli halkymyzyň ganynda dowam edip gelýär. Bularyň islendik birini alyp onuň manysy, ondan göz öňünde tutulan maksat barada oýlanyp görsek ata-babalarymyzyň näderejede parasatly bolandygyna, durmuş barada nähili çuňňur tejribä eýe bolandygyna göz ýetirmek mümkin. Mysal üçin myhmany garşylamakda, oňa hormat goýmakda we ony goramakda türkmenleriň deň taýsyz merdana däpleri bolup, hat-da şol myhmanyň duşmanlary üstüne gelende hem halkymyz bu dessuryň hatyrasyna şol myhmany gorapdyrlar. Toýlarymyzdaky däplerimize nazar salsak gelnalyjy bolup gelen toparyň hem, gyz uzadýan toparyň hem ýerine ýetirmeli düzgünleri bar bolup, bularyň her biri birek- birek bilen ysnyşmaklyga esaslanandyr. Daýylara ýörüte serpaý bermek, ýegenlere özboluşly ýadygärlik sowgatlar bermek we şuňa meňzeş köp däplerimiz bolsa ata-babalarymyzyň dogan garyndaşlar arasynda agzybirçilik bolmagyny, birek-birege sylaşyk, hormat bolmagyny nähili derejede möhüm hasaplanанdygyny görkezýär. Gözbaşyny gadymy taryhymyzdan alyp gaýdýan we adamlary diňe gowulyga ündeýän bu dessurlarymyz ata babalarymyzyň ruhy baýlygynyň çuňňur bolandygyna, medeniýetiniň belent bolandygyna şaýatdyr. Diňe bir toýda däl, eýsem ýas günlerinde hem halkymyzyň hökmany hasaplaýan, borç hökmünde ýerine ýetirýän däpleri, düzgünleri bar. Meýide jynaza okamakdan başlap oňa aýat töwir etmek, belli günlerde ony ýatlap sadakalar bermek, şeýle günlerde birek-birege göwünlik berip goluňdan gelen kömegiňi etmeklik hem şu jümledendir. Elbetde diňe bir dirileriň arasynda däl, eýsem geçenleriňi ýatlap doga dileg etmek, olaryň ruhyny şat etmek hem halkymyzyň adatyndandyr. Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz diýlişi ýaly geçenleri ýatlamak, olara hormat goýmaklyk hem geljege tarap barýan ýolumyzyň şamçyragydyr.