Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz, ajaýyp medeniýetimiz we sungatymyz, pähim-paýhasa ýugrulan milli däp-dessurlarymyz hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hödürlenilýän nyşanlary, şol sanda tumary we şekili türkmen milli bezeglerimiz boýunça häzirki zaman döredijilik ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanyp, olaryň keşbinde Ýer ýüzünde meşhurlyk gazanan türkmen halylarynyň nusgawy nagyşlary we gölleri, bedew batly ösüşleriň ynamly ýoluna düşen eziz Watanymyzyň taryhy, medeniýeti, mähriban halkymyzyň çuňňur many-mazmunly däp-dessurlary öz beýanyny tapýar. Türkmen halky ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň, awçy tazy itiniň we şüňkar laçyn guşunyň kämil häsiýetli täsin tohumlaryny ösdürip ýetişdirip, kemala getiren, olary biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy, haýwanlary ösdürip ýetişdirmegiň däplerini hem ýitirmän saklamagy başaran halkdyr. Nyşanlardaky alabaýyň we bedewiň şekilleriniň reňki, gurluş ulgamynyň aýratynlygy geçmişden geljege gönükdirilen ösüşi ýoluny aňladýar. Aziada-2017-niň nyşanlarynda janlandyrylan Wepaly atly türkmen alabaýynyň şekili dostlugy, batyrlygy, ruhubelentligi, wepalylygy we sagdynlygy alamatlandyrýar. Ynsanyň iň ýakyn we wepaly dosty hökmünde türkmen alabaýynyň tutýan orny aýratyn ähmiýetlidir. Ony ata-babalarymyz türkmen maşgalasynyň goragçysy, çöldäki çopanlaryň hakyky ýoldaşy hasaplapdyr. Halk arasynda itiň sowuga, yssa çydamly, islendik kesele durnukly sagdyn jandardygy barada aýdylýar. Hormatly Alym Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen halkymyza peşgeş berlen “Paýhas çeşmesi” kitabynda “Wepasyz dostdan wepaly it ýagşy”, “It batyra üýrer, gorkagy ýarar”, “Itim – gutum”, “Egri ärden dogry it ýagşy” ýaly pähimleriň birnäçesi getirilýär. It bilen bagly nakyllar, aýtgylar, atalar sözleri alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidigine aýdyň güwä geçýär. Alabaýyň şekiliniň V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin nyşan hökmünde ulanylmagy türkmen halkynyň öz gadymy milli ýol-ýörelgelerine belent hormat-sarpasyny subutlandyrýar. Nusgawy halk döredijiligimizde Alabaý ýeňşe bolan egsilmez erk-islegi, güýç-kuwwaty, hoşniýetli ruhy baýlygy, çäksiz wepalylygy alamatlandyrýar. Aziada-2017-niň tumary we şekili bu uly halkara sport bäsleşiklerine ilkinji gezek Aziýanyň 45 ýurdy bilen bilelikde Awstraliýanyň we Okeaniýanyň 17 ýurdundan gatnaşjak türgenlerde Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan barada iň ýakymly ýatlamalary galdyryp biljek ajaýyp nyşanlardyr. Armazak we ýadamazak, güýçli we gaýduwsyz türkmen alabaýynyň şekili hem-de ahalteke besdewi ýerleşdirilen nyşanlar milli türgenlerimiziň, tälimçilerimiziň, sport ulgamynyň ähli işgärleriniň, tutuş halkymyzyň gazanýan we gazanjak uly üstünlikleriniň dowamat-dowam bolmagyna badalga berýän özboluşly başlangyçdyr, synmaz ynanjyna öwrülen ruhy goldawdyr. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara Bitaraplyk gününiň hut 12-nji dekabrda bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu waka eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýynyň bardygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr. Aziada-2017-niň geçirilmegi Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterer, dost-doganlygymyzy we halkara hyzmatdaşlygyny berkider. Dünýäni haýrana goýýan Olimpiýa şäherjiginde halkara duşuşyklaryň geçirilmegi hem dostlukly bäsdeşligiň ýygjamlaşmagyna getirer. Ýurdumyzyň gözelligini, halkymyzyň myhmansöýerligini dünýä açyp görkezmäge, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny beýan etmäge giň mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip atlandyrylan 2017-nji ýyl türkmen halkymyzy iri halkara sport ýaryşlarynda täze ýeňişlere beslejek ýyl bolar. Esasy wezipesi ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmakdan, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde hoşniýetli, dosltlugy-doganlygy, parahatçylygy yzygiderli ündeýän täze keşbini kemala getirmekden ybarat bolan Aziada-2017-niň nyşanlary ýurdumyzyň ajaýyp keşbiniň, owadan tebigatynyň, köp öwüşginli medeniýetiniň, ynsanperwerlige ýugrulan milli mirasynyň, türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň we tutuş dünýä sygýan tämiz kalbynyň gadyrly myhmanlar üçin giňden açykdygynyň sazlaşykly jemlenmesi bolup, eziz Diýarymyzyň belent at-owazasyny bütin äleme doldurar. Milli türgenlerimiziň, şol sanda institutymyzyň 250-den gowrak talyp türgenleriniň dünýä we halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri üçin döredýän ähli amatly mümkinçilikleri, türkmen türgenlerini hem-de sport ulgamynyň ähli işgärlerini uly ýeňişlere ruhlandyryp, sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde berýän ägirt uly goldawlary üçin Mähriban Prezidentimize tüýs ýürekden çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Türkmen sportunyň hak Howandary Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, geçmişi şöhratly, bu güni bagtyýar, geljegi abadan türkmen halkynyň röwşen geljegi ugrunda alyp barýan tükeniksiz il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!