Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky çözgüdi hormatly Prezidentimiziň giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinýän döredijilikli syýasatynyň tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ilkinji bolup Merkezi Aziýa sebitinde bu abraýly sport ýaryşlaryny kabul etmek hukugyna eýe bolmagy bolsa şu hakykaty aýdyň tassyklaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-sinde paýtagtymyzda badalga aljak V Aziýa oýunlaryna giňişleýin taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, bu halkara derejeli sport çäresinde dünýäniň 62 ýurdundan-Aziýanyň 45 döwletinden, Awstralýanyň hem-de Okeaniýanyň 17 ýurdundan geljek türgenleriň müňlerçesi sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşarlar. Bu halkara derejeli sport çäresiniň geçirilýän ýyly bolan 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbini hem-de tumaryny tassyklap berdi “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” bu Aşgabat Aziadasynyň şygary. Sebäbi Aziýada – 2017 diňe bir sport ýaryşyny geçirmegiň, däl sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem-de dostlugyň baýramydyr. Şu ýylyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek desgalarynda jemleýji tapgyrda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Milli Liderimiz ol ýerdäki 45 müň orunlyk münberli sport desgasyny we bu köpugurly stadionyň çeperçilik bezegine öwrülen bedewiň keşbine aýratyn üns berdi. Soňra Arkadag Prezidentimiz alajanyň türkmenleriň taryhy hem-de ýaşaýyş durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nazara almak bilen, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda, ahalteke bedewiniň boýnunda milli buýsanjymyz bolan alaja şekillendirilse maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň oýleriniň girelgesiniň ýokarsynda alaja bilen boglan, derde derman ösümlik, ýüzärligiň dessesini asyp goýýandyklaryny ýatlap, onuň ýurdumyzyň çäginde bitýän güýçli hem-de täsirli dermanlyk ösümlikdigini nygtap gecdi. Şeýle-de ýüzärligiň biziň eýýamymyzdan öňki VII- VI asyrlara degişli “Awesta “ kitabynda hem bellenilip geçilýändigini aýdyp, bu ösümligiň biologiki aýratynlygy, himiki düzimi hakyndaky giňişleýin maglumaty dünýäniň ençeme dilinde neşir edilen, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly ensiklopedik işiniň 1-nji kitabynda beýan edendigini aýtdy. Şeýlelikde bedew atyň kellesi şekillendirilen kompozisiýanyň bezegine ýüzärligiň hem girizilmeginiň örän ýerlikli boljakdygyny aýdyp, olimpiýa alawy üçin niýetlenen çanagyň bu otuň baldaklary bilen bezelmegini teklip etdi. Hormatly Prezidentimiziň alajanyň hem-de ýüzärligiň milli mirasymyzdygy hakyndaky parasatly teklibi, bu goşa gymmatlygymyzy Aşgabat Olimpiýa stadionynyň esasy aýratynlygyna öwrüljek bedewiň şeklinde hem-de Olimpiýa çanagynda ornaşdyrmak baradaky başlangyçlary bütin türkmen halky tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Hormatly Arkadagymyzyň döreden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň beýik ösüşlere beslenýän şöhratly zamanasy bolup, täze taryhyň altyn sahypasyny emele getirýär. Aşgabat – 2017 bolsa türkmen halkynyň hem-de türkmen döwletiniň dünýä dolan şöhratynyň beýany bolup, belende galar.