Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda boljak uly wakalary nazara almak bilen, ony “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçirmegi teklip etdi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, ýyly ol ýa beýleki jemgyýetçilik – ähmiýetli mowzuga bagyşlamak barada esasyny goýan ajaýyp däbi dowamyna eýe bolup, ýurdumyzyň häzirki ösüşini we rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny, her bir adamyň mümkinçilikleriniň açylmagyny göz öňüne getirip bolmaýan esasy durmuş gymmatlyklarynyň many- mazmunyny özünde jemledi. Türkmenistan 2017-nji ýyly giň gerim bilen garşylap, Garaşsyz Bitarap döwletiň şanly ýylýazgysynda nobatdaky sahypany açýar. Bu ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolup, olar sentýabr aýynda Aşgabatda gurulýan hem-de Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk Oilmpiýa şäherjiginde geçiriler. Oýunlar öz tapgyrynda giň gerime eýe bolup, dünýä ýurtlarynyň 62-sinden, şol sanda Okeaniýadan türgenleriň 5 müňden gowragyny bir ýere jemlär, munuň özi Aziadanyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk wakadyr. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durmuş ähmiýetli taslamalary, şol sanda çagalary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, raýatlygy we watançylygy terbiýelemek, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak taýdan ösdürmek boýunça taslamalary goldamak ýaly wezipeler bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri diňe lukmançylyk ulgamyna degişli bolman, jemgyýetçilik, döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap aldy. Onuň merkezinde bolsa adam, durmuşyň mynasyp şertleri durýar. Şoňa görä-de, bu gün, bir tarapdan, saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasaty, şol sanda her kimiň öz saglygyna jogapkärçiliginiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutýan bolsa, beýleki tarapdan, döwlet munuň üçin hemme şertleri, giň mümkinçilikleri döredip, ählitaraplaýyn goldaw berýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramaga bolan hukugy “Temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” Kanun bilen goralandyr. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyny tassyklap, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. Sagdynlygyň, işjeň dynç alşyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz sözüniň işden aýra çykmaýandygyny anyk netijeler bilen subut edýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň hem-de bu ugurda ýokary görkezijilere eýe bolmak ugrunda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörelgeleri halkymyz we her bir raýatymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Munuň özi milletimiziň ykbalyna, häzirki hem-de geljekki nesilleriň saglygyna biparh bolmadyk adamlaryň, şeýle-de dünýä bileleşiginiň we abraýly halkara guramalarynyň goldawydyr. Ilatyň saglygy, her bir raýatyň abadançylygy ösüşiň baş maksady bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik usullaryny esasy ugur edinýän milli ýörelgelerinde öz beýanyny tapýan halk baradaky hakyky aladasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň sport babatdaky maksatnamalaýyn syýasaty oňyn netijesini berýär. Türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykyp, ýurdumyz iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin sport we bedenterbiýe hereketine dürli ýaşdaky adamlaryň müňlerçesi gatnaşýar. Ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýokary netijeli sport bilen yzygiderli meşgullanýar. Olar häzirki döwürde 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärler. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek bäsleşikler ýurdumyzda guralýan ilkinji yklymlaýyn ýaryşlardyr. Bu ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Aziýa Olimpiýa Geňeşi, beýleki halkara guramalary, daşary ýurtlaryň tejribeli hünärmenleri, bilermenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Munuň özi ýaryşlaryň hemmeler üçin has ýatda galyjy hem-de netijeli bolmagyna kömek eder. Aziadanyň ýokary derejede geçirilmegi, oňa görülýän taýýarlygyň ýokary hili Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň belende göterilmegine ýardam eder hem-de ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Aziadanyň esasy maksatlarynyň biriniň sporty wagyz etmekden ybaratdygyny belläp, onuň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap ýurdumyz üçin örän ähmiýetlidigini aýdýar. Halkara ýaryşlary ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri, ýaş nesilleri berk bedenli edip terbiýelemekde oňat mümkinçilikleri döreder hem-de ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyny üpjün eder. Aziýa oýunlary-- munuň özi ägirt uly sport baýramçylygy bolup, oňa häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça taýýarlyk görülýär. Şunda ýurdumyzyň sport durmuşynda durmuşa geçirilýän çäreler yzygilderli dowam edýär. Aziýa oýunlary milli sportuň ösdürilmeginde täze tapgyry açar. Bu ýaryşlar sporty wagyz etmekde, tälimçileri we halkara derejeli eminleri, sport lukmanlaryny, psihologlary, ahyrky netijede bolsa, kämil türgenleri taýýarlamakda uly tejribe toplanylmagyny, bu ugurda ýokary netijelere eýe bolunmagyny üpjün eder. Oýunlaryň guraljak meýdançalary, türgenleşik geçiriljek toplumlar halkara görkezijilerine kybap derejede taýýarlanylýar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi diňe bir sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen desgalar toplumy bolman, eýsem, Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan işleriniň möhüm bölegine öwrüler hem-de Aşgabadyň keşbine täze öwüşgin çaýar. Munuň özi beýik ýeňişlere we belent ruha bolan güýjüň, erkiň jemlenmesidir. 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary müňlerçe täze iş orunlaryny döreder. Içerki hem-de daşarky söwdanyň, işewür we syýahatçylyk çäreleriniň möçberleriniň ýokarlanmagyny üpjün eder. Oýunlara ýardamçy boljak hünärmenleriň umumy sany 11 müňe golaý bolup, olaryň 10 müňüsi meýletin ýardamçylardyr. Aşgabatda geçiriljek yklym ýaryşlary Türkmenistanyň sport abraýynyň belende galmagyny üpjün etmek bilen, halkara teleýaýlymlarda, Internet giňişliklerinde ýurdumyzyň giňden wagyz edilmegine, syýahatçylygyň ösdürilmegine, döwletimiziň dünýäniň sport hereketine işjeň goşulyşmagyna kuwwatly itergi berer. Şeýle hem bu çäreler ýurdumyzyň gözelligini, köpöwüşginliligini, halkymyzyň myhmansöýerligini dünýä açyp görkezmäge, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny beýan etmäge mümkinçilik berer. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň baş şygarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk”–dygy bellärliklidir. Bu şygar ýylyň nyşanyny hem-de geçiriljek dürli çäreler toplumynyň maksadyny kesgitledi. Şeýle hem ol esasy durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny, adamlaryň asylly ýörelgelere, beýik maksatlara bolan ynamyny, beýik ruhuny özünde jemleýär.