"Awazada" - Sport toplumyň açylyşyna gatnaşan raýatlarymyzyň biri şu haty ugradypdyr Men özüm sporta gyzygyp ýören adam däl. Şonsuzam hysyrdymyz ýetýär, işim şeýleräk. Ýöne täzelikde Awazada bir sport toplum açyldy. Men-ä görüp haýran galdym. Apreliň ýedisine, Saglyk güni bolanda şo taýdadym özüm. Onsoň täze binany gördüm. Akylym haýran! Ertekilerdäki ýaly uly toýlary öň telewizerde görýädim, şo gün ýanjygymyzda boldy. Aý, men-ä şo ýerde bir ýerde sport bar bolsa, şoň hemmesem barmyka diýýän, o sport toplumyň özi giden bir meýdan. Menä şular ýaly ýeri telewizordada görendirin öýdemok. Gaty üýtgeşik gurlupdyr. Men ýanymdakylara sporta gatnarys diýsem, bada gülüşdiler, täze bolany üçin diýäýäň diýdiler. Soňam arzuw kemini goýmadyk. Olar ýaly taýynjak ýerde türgenleşse, her kimem rekord goýar! Ýöne bilýäsle, öňden taýýarlanyp ýören bolmasaň, ýurdumyzda nähili şert döredilende näme, janyňy gynap etmeli hemme işem. Daşynyň owadanlygy üçin diýemok. Woleýbol, basketbol, gandbol, tennis, badminton... hemmesem bar içinde. Suwda ýüzmek ýaryşam edip bolýar. Gaty üýtgeşik! Biziň türgenlerimiziň Aziada-2017-de hem utarlar diýýän. Diýen zadyň tapylyp dursa, utman näme. Öňler dagy özümiz bir ýer tapynyp, futbol meýdança edinen bolardyk. Aý, täze gurulýan jaýlar gaty üýtgeşiklaý, Näçe gektardygyna bilemok. Ýöne kyrk-ellem barmyka diýýän. Bar zadyňa bar diýmeli, oglanlar! Bizdenem sportsmen çyksa çykaýar çynyňy etseň. Aşgabatdaky sport binanam görüpdim, şulam şondan pes-ä däldir. Oglanlar diýýär, işiň hat işi bolsun, meýdanda işleseňem, sport gerek diýýärler. Şu zatlar barka sporta gatnabermeli, iň esasam, Aziadada biziňkilerden indi arkaýyn. Ýer aljagy köp bolar. Şol açylanda gaty uly konsert boldy. Toý ederçe hem bar ekeni ol! Meniň üçin-ä esasam figurnyý kataniýadakylar, janköýerlik edýänim-dä. Awazadaky toplumdada şo bardy. Gyşky sport oýunlar toplumy diýip ýazylan bolmaly. Aziada gatnaşjaklar, hemmäňize üstünlik! Sporta gyzygmaýanam bolsaň, indi gyzygarsyň diýsene!