Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz öz taryhyndaky iň ösüşli zamanada, ýagny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sportda hem-de köpçülikleýin bedenterbiýede, şol sanda sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýete ornaşdyrmakda nusgalyk ösüşleri gazanýar. Muňa diňe bir her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan çäreleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlejek örän uly sport çäresiniň-Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýyly bolan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda-da bu halkara baýramyna uly taýýarlyklar görüldi. Her ýyl 5-nji aprel-5-nji maý aralygynda geçirilmegi ajaýyp däbe öwrülen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri bu ýyl hem ýurdumyzyň çar künjegi bilen birlikde Balkan welaýatynda-da giň gerime eýe bolýar. Welaýatyň ähli etrap-şäherlerinde biraýlyga bagyşlanan dürli sport ýaryşlary, aýdym-sazly hem-de wagyz-nesihat çäreleri, bäsleşikler biri-birine ulaşýar. Olara ähli ulgamlaryň wekilleri uly ruhubelentlik we işjeň ýagdaýda gatnaşýarlar. Bereketli güýz paslynyň ilkinji aýynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, hemmämize mälim bolşy ýaly, Aziýa we Okianiýa döwletleriniň 62-sinden türgenleriň, tälimçileriň, sport hünärmenleriniňdir žurnalistleriniň müňlerçesi gatnaşarlar. 6-njy aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde şol ýurtlaryň ählisinden wekilleriň gatnaşmaklarynda Aziada-2017-ä bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahaty bu uly sport baýramçylygyna görülýän taýýarlygyň iň ýokary derejedediginiň nobatdaky gezek kepili bolar. Bu syýahatçylyk zolagynda 7-nji aprelde dabaraly ýagdaýda açyljak “Awaza” sport toplumy bolsa ýurdumyzda sporty ösdürmäge berilýän ünsüň örän ýokarydygynyň ýene bir ýola aýdyň subutnamasyna öwrüler. Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary we şäheriň myhmanlary Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda halkara futbol duşuşygynyň şaýady boldylar. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň çäklerindäki Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary bilen Täjigistanyň “Istiklol” toparynyň arasyndaky oýun welaýat merkeziniň köpugurly sport toplumynyň ajaýyp stadionyna müňlerçe janköýerleri ýygnady. Oýnuň netijesi boýunça hasap 1:1. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň zamanasydygy durmuşymyzyň ajaýyp hakykatydyr.