Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýokary derejelere götermek, parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty dabaralandyrmak arkaly jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmek, Watanymyzy özgertmek Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen yglan edilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýylda türkmen sporty has-da galkynýar. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy sport döwleti hökmünde has-da belende galýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan uly tutumly işler, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalarymyz esasynda türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlarynda, şol sanda Aziýanyň we dünýäniň çempionatlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge niýetlenen, türgenlerimizi ähli derejeli çempionatlara hem-de Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin berk binýada öwrüljek Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda uly depginler bilen dowam etdirilýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan täze döwrebap sport toplumy hem şeýle desgalaryň biridir. Bu toplum Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Köpugurly sport merkeziniň umumy meýdany 28,5 gektara barabardyr. Döwrebap bedenterbiýe we sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan sport toplumy Sportuň suwda oýnalýan görnüşleri, Sportuň oýun görnüşleri, Gyşky oýunlar we Başa-baş göreş sungaty sport binalaryny öz içine alýar. Bu desgalarda türgenlere sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşmek we bäsleşmek, islendik derejedäki sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bulardan başga-da, toplumda iş otaglary bolan edara binasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen 150 orunlyk mejlisler zaly, restoran, oňa ýanaşyk ýerde bolsa, basketbol we tennis, woleýbol we futbol oýnamak üçin açyk sport meýdançalary göz öňünde tutuldy. Şeýle hem, bu ýerde jemi 250 orunlyk awtoduralgalaryň ikisi bar. Häzirki wagtda şol desgalary ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Türkmen sportuny dünýä ýaýýan, her bir raýatymyzy sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýan, ýurdumyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!