Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ak mermere beslenen paýtagt şäheri hökmünde tanalýan Aşgabatda, şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bolar. Yklymyň iri sport ýaryşyna 62 döwletden 6 müňe golaý türgen gatnaşyp, olar 218 komplekt medal üçin bäsleşerler. Şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçiriljek bu oýunlara 62 ýurduň milli Olimpiýa komitetleri gatnaşarlar, mundan ozalky IV Aziýa oýunlaryna, Aziýanyň 45 döwleti gatnaşypdy. Aşgabatdaky yklymyň iri ýaryşyna Okeaniýa ýurtlary we Awstraliýa hem gatnaşar. Oýunlara hyzmat etmäge 8 müňden gowrak meýletinçi gatnaşdyrylar. Geçiriljek bu ýaryşlara sportyň 21 görnüşi girizildi. Olar: basketbol, billiard, futzal, küşt, sambo, tans sporty, jiu-jitsu, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, sport göreşi, welosport, taekwando, kik-boks, basketbol (3/3), guşakly göreş, tennis, bouling, agyr atletika, türkmen milli göreşi, atly sport konkur, taýboks hem-de kuraş. Merkezi Aziýada ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilýän bu sport ýaryşy Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde guralar. Olimpiýa şäherjiginiň ähli desgalary guruldy we olarda eýýäm sportyň birnäçe ugurlary boýunça synag ýaryşlary geçirildi. Ýene-de birnäçe aýdan Aziýanyň hem-de Okeaniýa döwletleriniň baýdaklary Aşgabatda pasyrdar. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän iri sport ýaryşynyň ýatda galmagy hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň taryhynda mynasyp yz galdyrmagy ugrunda köp tagalla edilýär. Aziýada 2017-ni mynasyp derejede mahabatlandyrmak maksady bilen onuň başlanmagyna 500 gün galanda atly ýörişe badalga berildi. 17 atlydan ybarat topar, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatynyň çäklerinden geçip, Türkmenistanyň gündogar welaýaty hasaplanýan Lebap welaýatynda öz ýörişlerini dabaraly ýagdaýda dowam etdirýär. Aziýadanyň buşlukçysy hasaplanýan 17 atly topar Türkmenistanyň, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Olimpiýa alawynyň nyşanyny eline alyp, menzil aşýarlar. Türkmeniň buýsanjyna öwrülen gözel hem ýyndam ahalteke bedewlerimiziň, Aziýada 2017-niň nyşanyna öwrülip, halkymyzyň behişdi atlaryna goýýan sarpasyny aýdyň ýüze çykardy. Ýurdumyzyň çäkleri boýunça atly ýörişiň badalga almagy bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna galan wagt hem hasaplanylyp başlandy. Oýunlar Türkmenistanyň gadymy däp-dessurlaryndan başlap, häzirki döwre çenli bolan gymmatlyklary bütin dünýä görkezer. Oýunlaryň resmi keşbi ähli halklary Beýik Ýüpek ýoly boýunça gaýybana syýahata alyp gider, Aşgabat-2017-niň resmi keşbi Türkmenistanyň taryhy ýoluny geçmişden geljege sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk arkaly nesilden-nesile geçip gelýän özboluşly däp-dessury bütindünýä görkezmek maksady bilen döredildi. Türkmeniň alabaý iti Aşgabat-2017 oýunlarynyň tumary hökmünde saýlanyp alyndy. Ol batyrgaýlygy, wepadarlygy, çalasynlygy bilen çekiji bolup, oýunlaryň okgunlygyny ýaýmaga we dürli ýaşly we hünärli adamlara Türkmenistana gelip görmäge isleg döreder. Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi diňe bir uly göwrümli sport çäreleriniň we sportyň dürli görnüşleriniň geçirilýän iň gowy sport merkezleriniň biri bolmagy üçin gurulman, eýsem tomaşaçylar üçin ýokary derejeli desgalaryň we hyzmatlaryň bolmagy, şeýle-de göni ýaýlyma beriş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin giň mümkinçilikleriniň döredilmegi babatynda, sebitde onuň deňi-taýy ýokdyr. Aşgabat Olimpiýa toplumy oýlanyşykly gurlandygy sebäpli, ol ýerden göni ýaýlyma bermek örän ýeňilleşdirilendir. Bu bolsa ýaýlyma beriş toparlary üçin özleriniň ýanlarynda ulag görnüşli göçme stansiýalary ulanmazdan, desgada bar bolan enjamlary ulanmaklary üçin has amatly bolýar. Bu köplenç ulanylýan usul, ýönekeý usul bilen aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirip, Türkmenistanyň içinde ýa-da dünýä teleýaýlymlaryna bermäge mümkinçilik döreder. Bularyň ählisi öňde baryjy pikirleriň we tehnologiýalaryň ulanylandygyny aňladýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň türgenler şäherçesi Olimpiýa toplumyna ýakyn ýerde ýerleşýär, ýaryş geçirilýän we türgenleşik desgalary hem ýakyn ýerde ýerleşýär we 5500-den gowrak türgenleri, 1750 topar wekillerini, 700-den gowrak resmi wekilleri, 1170 tehniki işgärleri kabul eder. Toplumda iki sany 5 ýyldyzly myhmanhana bar we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wekilleriniň 800-ni, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 350 agzasyny we göni ýaýlyma beriş toparynyň 600 agzasyny kabul eder. Sebitde iri Olimpiýa şäherjigi 157 gektar meýdanda ýerleşýär. Bu Olimpiýa şähejigi 30-dan gowrak dürli desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar. Bu toplumyň gurluşygy üçin gönükdirilen pul serişdeleriniň möçberi ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabardyr. Sportyň toplumynyň binýadyna eýýäm ýaryşlarynyň birnäçesi, şol sanda sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, basketbol, tennis, ýeňil atletika we jiu-jitsu boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi. Garaşylyşy ýaly, aprel aýynda synag ýaryşlarynyň ýene-de üçüsi geçiriler, olaryň ikisi agyr atletika we boks boýunça Aziýa çempionatlary bolar. Aziýa oýunlaryna 1 ýyl galanda Aşgabatda halkara derjesinde we Merkezi Aziýanyň iň iri howa menzilleriniň biri ulanmaga berildi. Aşgabadyň halkara howa menzili dürli ulylykdaky uçarlary kabul etmek mümkinçiligine eýedir. Laçyn guşunyň keşbini özünde jemleýän howa menzili 1200 gektar meýdany eýeleýär. Ol her ýyl 17 million ýolagçyny kabul edip bilýär. Bu ajaýyp halkara howa menzili Aziýa oýunlary üçin geljek myhmanlary ilkinji bolup garşy alar. Aşgabada 7 milliard ilatly dünýäniň ýarysyndan gowragyny özünde jemleýän Hindistandan we Hytaýdan myhmanlar gelerler. Mundan başga-da baýrakly oýunlary gazanmak üçin dünýäniň iň kiçi döwleti hasaplanýan 10200 ilatly bolan Nauri Respublikasyndan-da türgenlere garaşylýar.