Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek we barha golaýlap gelýän ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki, galyberse-de sport älemindäki abraýyny has-da belende galdyrar. Aşgabatda geçiriljek yklymyň iri sport ýaryşy Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň taryhynda uly yz galdyrjak şanly wakalaryň biri bolar. Ol ähli ugurlar boýunça rekordlaryň bäsleşigi hökmünde ýatda galar. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda Küweýt döwletiniň paýtagty El-Küweýtde Aziýa Olimpiýa geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň hem-de Aşgabat şäherinde “Ýapyk binakarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda” şertnama gol çekildi. Bu taryhy ylalaşyk biziň ýurdumyzyň senenamasynda altyn harplar bilen ýazyldy. Aziýa Olimpiýa Geňeşi Aziýa sebitiniň iň uly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny Türkmenistana ynandy. Ol hem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň şeýle iri sport ýaryşlaryny geçirmäge ukuplydygyny göz öňünde tutup, türkmen döwletine doly ynam bildirdi. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň bu ynamyny ödemek üçin Türkmenistanda Aziýa oýunlaryna hemmetaraplaýyn taýýarlanmak üçin şu güne çenli köp işler durmuşa geçirildi. Munuň üçin V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti döredildi. Mälim bolşy ýaly, toplumlaýyn halkara ýaryşlary geçirmek hukugyna diňe milli sport binýady ýokary derejede ösen ýurtlar eýe bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwrebap sport-sagaldyş desgalarynyň gurluşygyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirilýändigini bellemelidiris. Şunda sport ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şol ulgama bolsa diňe bir ýokary netijeli sportyny (professional sporty) ösdürmegiň binýady hökmünde däl, eýsem bedenterbiýe-köpçülikleýin hereketi, beden taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin şertleri döretmek hökmünde hem garalýar. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda türkmen paýtagtynda stadionlaryň birnäçesi, buzly köşk, suw sport toplumy, gyşky oýunlar sport toplumy we beýleki köpsanly sport desgalary guruldy hem-de ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda häzirki günüň talaplaryna doly gabat gelýän sport desgalarynyň onlarçasy hereket edýär. Mundan başga-da, milli halkara derejeli dürli sport çäreleri, ýaryşlar, çempionatlar we beýlekiler yzygiderli geçirilýär. Türkmen halky bilen bir hatarda tutuş Aziýa ýurtlary şu oýunlara sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Aziadanyň çäklerinde geçiriljek bäsleşiklere Awstraliýa, Täze Zelandiýa we Fiji ýaly döwletler Aziýa Olimpiýa geňeşiniň bäş zolagyndan Aziýanyň uly döwletlerine Hytaý, Ýaponiýa we Koreýa we ş.m ýurtlar bilen bäsleşer. Bu ýagdaý sport ýaryşynyň ähmiýetini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem Olimpiýa ruhuny, Olimpiýa halkalaryny düzýän bäş yklymyň ikisiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we ruhybelentligi berkitmäge ýardam eder. Aşgabat iki yklymyň merkezine öwrüler. V Aziýa oýunlarynda türgenler, Aziýanyň 45 döwletinden we Okeaniýanyň 17 döwletinden, jemi 62 döwletden, sportyň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Okeaniýa döwletleriniň Aziýa ýurtlary bilen bir hatarda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşmagy oýunlaryň ähmiýetini has-da artdyrar. Garaşylyşy ýaly, dünýäniň 62 döwletinden türgenleriň 5 müňden gowragy sportyň 21 görnüşinde, şol sanda konkurda we türkmen göreşinde güýç synanyşarlar. Sportyň bu görnüşleri Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça oýunlaryň maksatnamasyna girizildi. Şeýlelik-de, müňlerçe adamlar, türgenler, žurnalistler we janköýerler özleri üçin ruhybelentligiň hem-de ösüşiň, sportyň we sagdynlygyň ýurdy bolan täze Türkmenistana gelmäge mümkinçilik alarlar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup Aziýa oýunlaryny geçirmek hukygyna eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň we Döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly abraýynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dünýäniň sport durmuşyndaky iri çäre ýurdumyzyň gözelligini, köpdürliligini we gaýtalanmajak keşbini, myhmansöýerligini hem-de tutuş dünýä açyklygyny, ähli ugurlarda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyga taýarlygyny görkezmäge gönükdirilendir. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň “Sagdynlyk-Ruhybelentlik-Dostluk” diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Aziýa sebitlerinde bu iri yklym ýaryşy paýtagtymyzda bina edilýän Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Bu toplum diňe bir islendik ýaryşlary geçirmäge ukyply bolmak bilen çäklenmän, eýsem iri ýaryşlara taýýarlyk üçin türgenleşik merkezine öwrüler. Mälim bolşy ýaly, gerimi we ähmiýeti taýdan görlüp-eşidilmedik bu taslamanyň gurluşygyna 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda girişildi. Olimpiýa şäherjigi 30-dan gowrak desgany öz içine alýan köpugurly sport toplumydyr. Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi diňe bir ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen sport desgalaryň toplumy däl-de, eýsem Türkmenistanyň sport abraýynyň bir bölegi hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir