2017-nji ýylyň 1-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli XIII sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti hem gatnaşdy. Şol sammit Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa hem-de Kawkaz sebitindäki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine şert döretdi. Sammitiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri-de 2025-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli boldy. Şol ýokary derejeli foruma gatnaşan Türkmenistanyň Prezidentiniň eden çykyşy hem sebit, galyberse-de, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Şonuň üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy Pakistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň hem-de beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilip, uly seslenme döretdi. Forumyň geçirilen ýurdy bolan Pakistanyň metbugatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň gurama agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça ösdürmek babatda öňe süren tekliplerine giň orun berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek, bu babatda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan tranmilli demir ýollarynyň gurluşygy, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýaly giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler baradaky çykyşy dünýä liderleriniň ünsüni çekdi. Şeýle hem Aşgabatda gurama agza döwletleriň ulag ministrleriniň ýygnagyny geçirmek baradaky teklipleri uly gyzyklanma eýe boldy. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde Owganystanyň hem ornunyň uludygyny belläp geçmegi, energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi babatdaky giň gerimli taslamalara Owganystanyň hem çekilmegi babatdaky çykyşy dünýä metbugatynyň ünsüni özünde jemledi. Hakykatdan hem Türkmenistan köp ýyllardan bäri, ýakyn goňşusy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine ýakyndan kömek berip gelýär. Türkmmenistanyň sebitde öňe sürýän başlangyçlarynda we taslamalarynda Owganystana giň orun berilýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan tranmilli demir ýoly taslamasyny, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazgeçirijisi taslamasyny getirmek bolar. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan tranmilli demirýoly taslamasy ilkinji gezek Türkmenistan tarapyndan Aziýa halkara demirýol geçelgesi hökmünde atlandyryldy. Ol Hytaýdan Ýewropa çenli uzaýan we täzeden dikeldilmegi göz öňüne tutulýan Beýik Ýüpek ýolunyň demirýol ulgamynyň esasy böleginiň birine öwrüler. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazgeçirijisi taslamasy Owganystana hem-de Günorta Aziýa döwletlerine energiýa çeşmeleriniň ygtybarly ugradylmagyna mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bu taslama owgan halkynyň döwlet býudžetine ýylda 1 milliard amerikan dollary möçberinde girdeýji getirer. Taslamanyň geçýän ugrunda owgan halky üçin 12 müň iş ornunyň döredilmegine mümkinçilik berer. Şeýle hem, gurluşygy alnyp barylýan turba geçirijileriniň ýanynda täze elektrik ulgamyny we beýleki aragatnaşyk desgalaryny gurmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Ine şonuň üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda, şu taslamalaryň ähmiýeti barada durup geçmegi dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyna eýe boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň sammitdäki çykyşy Russiýanyň metbugatynda-da giň orun aldy. Hususan-da, Russiýanyň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmen Lideriniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işini syýasylaşdyrman, eýsem, esasy ugry ykdysady hyzmatdaşlyga gönükdirmek babatdaky başlangyçlarynyň möhümdigine ünsi çekdi. Hakykatdan hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işini syýasylaşdyrman, ykdysady taslamalara has köp ünsüň berilmegi ähli ýurtlar hem-de şol taslamalara gatnaşýan döwletler üçin ykdysady taýdan köp bähbitli bolar.