Tebigy baýlyklara baý bolan Türkmenistanda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmekde himiýa senagatynyň uly paýy bar. Häzirki wagtda himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ulgamda mineral dökünleri öndürmek esasy ugur bolup durýar. Bu önüme azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin oba hojalygynda we oba senagat toplumynda özgertmeler bilen baglylykda, ýurdumyzda hem-de tutuş dünýäde isleg barha artýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň esaslarynyň biri Türkmenistanda ilkinji hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinde iri himiýa kombinaty hasaplanýan Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda, kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumy bolup durýar. Bu kombinatda dünýäde uly isleg bildirilýän kaliý dökünleri öndüriler. Şonuň üçin türkmen döwleti bu iri taslama uly ähmiýet berip, onuň halkara ülňülerine doly gabat gelýän derejede durmuşa geçirilmegi üçin tagalla etdi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda gurlan toplum, ýylda 1 million 400 müň tonna dökün öndürmäge niýetlenendir. Dökün öndürmek üçin iň ýokary kuwwatlylyga çykmak hem-de ýylda 7 million tonna magdany almak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Magdanlar 200 metrden 1 müň metr aralyga çenli çuňlukda ýerleşýär. Ägirt uly täze desganyň infrastruktura meýdançalaryna getirilen ähli tehnologiýa enjamlary dünýä belli öndürüjileriň iň täze önümleri bolup durýar. Ähli häzirki zaman aragatnaşyk ýollary, şol sanda demir ýoly hem bu ýereçekilip getirildi. Şertnamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 126 million dollaryna barabardyr. Taslamanyň 20 göterimi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öz serişdeleriniň hasabyna we 80 göterimi Türkmenistanyň içerki banklarynyň karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Getirilen enjamlaryň bahasy ABŞ-nyň 379 million dollaryna barabardyr. Toplumyň açylmagy bilen 1 müň 700-den gowrak iş orunlary dörediler. Himiýa senagatynyň bu ägirt uly desgasy üçin 262,5 gektar meýdan bölünip berildi. Topluma 100-den gowrak desgalar we binalar: baş peseldiji beket, 2 sany şahta toplumy, magdan ammary hem-de taýýar önümler ammary, magdan goýaldyjy we baýlaşdyryjy önümçilik toplumlary, reagentler we suw taýýarlaýyş bölümleri, önüm ýükleýji, duz ýygnaýjy, şlam ýygnaýjy, ýangyna garşy we dag halas ediş bölümi girýär. Garlyk ýatagynda geologiýa barlaglarynyň maglumatlaryna görä, kaliý duzlarynyň çig-mal gorlary 2 milliard tonnadan gowrak diýlip hasaplanylýar. Bu tebigy çig maly gazyp almak mümkinçiligi bar bolan Garabil ýatagy hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Kaliý duzy kaliý dökünlerini öndürmek üçin ulanylýar hem-de ondan flotasion usul bilen oba hojalygynda uly isleg bildirilýän hlorly kaliý hem gaýtadan işlenilip, alnyp bilner. Onuň peýdalanylmagy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylgynyň ýokarlanmagyna, tebigy howa şertlerine, keseller we zyýanly mör-möjekler durnuklylygyny artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda dünýä bazarynda beýleki mineral dökünlerden tapawutlylykda, kaliý dökünleri ýokary eksport mümkinçiligine eýedir. Diýmek, gelejekde bu täze pudak daşary ýurtlardan ep-esli maliýe serişdeleriniň gelmegini üpjün eder hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam berer. Täze ägirt uly senagat kärhanasy, Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolup, ýokary hilli kaliý mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa, Türkmenistanyň oba hojalygynyň bol hasyl üçin ýokumly önümlere bolan islegini doly kangatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ony dünýä bazaryna hem çykarmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan döwletimize serhetleşýän ähli ýurtlar, galyberse-de, Merkezi Aziýa, Kawkaz, Eýran, Türkiýe we Aziýa döwletleriniň aglabasynda oba hojalyk pudagy, halk hojalygynda esasy orny eýeleýär. Bu ýurtlarda oba hojalyk ekinleri ekilýär. Şonuň üçin kaliý dökünleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Täze ägirt uly kärhanada öndürijilik önümleri daşary ýurt bazaryna ýerlemek üçin Türkmenistanyň ulag infrastrukturasy hem döwrebap derejede ösdürilýär. Şonuň bilen birlik-de, bu taslama Belarus Respublikasynyň “Belgorhimprom” açyk jemgyýeti tarapyndan gurlup, 2015-nji ýylyň başlaryna ulanylmaga berilmelidi. Bu iri kärhana wagtynda gurlan we amala aşyrylan ýagdaýynda, onuň ähmiýetiniň hem-de Türkmenistanyň we ähli Merkezi Aziýa döwletleriniň, sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetine täsiri hasa-da uly bolardy.