Türkmen halky ýola goýlan asylly däplere görä, her ýylyň aprel aýynyň ikinji dynç gününi “Suw damjasy altyn dänesi” baýramçylygy hökmünde belläp geçýär. Suw ýäşaýşyň gözbaşy, esasy çeşmesi hökmünde sarpalanýar. Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suw gündelik durmuşymyzda, oba hojalygynda, sengatda hem giňden ulanylýar. Asyrlar dowamynda türkmen halky suw bilen baglanyşykly dürli ýagdaýlary başdan geçiripdir. Çünki suw diňe bir adam bedenine gerek bolman, tutuş tebigatyň, janly-jandaryň ýaşamagy üçin zerurlyk bolup durýar. Ekin meýdanlaryny, mal-garany suwa ýakmak, suwarmak gerek bolýar. Suwuň ýetmezçilik edýän döwürlerinde suwdan tygşytly peýdalanmagyň dürli usullaryny oýlap tapypdyrlar. Ekinleri damjalaýyn usulda suwarypdyrlar. Pesden beýige suw çykarmak üçin jykyr diýen guraly oýlap tapypdyrlar. Bu barasynda ХУШ syr türkmen şahyry Andalyp: Buşluk daýhanlara, bir näzenin janan jykyr, Bolsa suw wagty-ekişde, aýlanar çendan jykyr. diýmek bilen, bu guralyň adamlar üçin uly ýeňiş bolandygyny nygtaýar. Türkmen halky adam durmuşy, şol sanda tutuş ýaşaýyş üçin suwuň gadyr- gymmaty barada ençeme nakyllary, dana pikirleri hem döredipdirler: Suw – ýaşaýyş. Suw her zady päklär... Suw sakasyz bolmaz, don-ýaksyz. Suw köp ýatsa ajar. Suw gezegini beren, aç galar. Suw- akan ýerine, bagt-bakan ýerine. Suwsana salgym suw bolup görner. Bu sözlerden görnüşi ýaly, türkmen nalky suwy mukddeslik hökmünde sarpalapdyr. Suw başyna salam berlip barylmagynyň özi-de suwa bolan hormatyň türkmen halky üçin uludygynyň nyşanydyr. Adam bedeni üçin howanyň zerur bolşy ýaly, suw hem örän zerurdyr. Adam bedeniniň 60-65% suwdan ybaratdyr. Suwuň düzüminde adam bedeni üçin gerekli bolan mikrobölejikler saklanýar. Şol mikrobölejikler hem adamlary dürli kesellerden goraýar. Ýöne onuň tersine, suwuň düzüminiň zäherlenip, dürli keselleriň döremegine sebäp bolýan halatlary-da bolýar. Onuň üçün suwy ýodlama, suwy hlorlama, suwy ozonlama, ýa-da kümüşleme ýaly usullary ulanýarlar. Suwy kümüş arkaly arassalamak öňden gelýän däpleriň biridir. Bu düzgün häzirki wagtda-da ulanylýar. Suwuň bar ýerinde gülzarlyk bar. Ýurdumyzda suwy tygşytly ulanmk, arassa agyz suwy bilen ilaty üpjün etmek ugrunda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar, maslahatlar geçirilip, ençeme meseleler orta atylýar hem çözgütleri tapylýr. Türkmenistanda diňe bir türkmen halkynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi däl, tutuş adamzat bähbitli meseleleriň çözgüdi gözlenilýär. Eklogiýa taýdan arassalyk öňe sürülýär. Bu bolsa adam hakdaky aladanyň bir nyşanydyr.

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir