Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda mähriban ýurdumyz arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ägirt uly üstünliklere ýetdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýäde ösen döwletleriň hatarynda goşmak, kuwwatly döwlete öwürmek üçin maksatly tutumlar amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda watandaşlarymyzyň bagtyýar durmuşyny has-da rowaçlandyrmak ruhybelentligi, maksada okgunlygy, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak giň gerim alýar. Indi birnäçe ýyl bäri Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen, her ýyla mahsus at goýmak asylly däbe öwrüldi. 2017-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen “Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýyly” diýip atlandyrylmagy bu ýylda esasy maksadyň halkymyzyň saglygyny, ruhybelentligini has-da ýokarlandyrmak bolup durýandygyny aňladýar. Döwletimiziň sagdyn jemgyýeti üçin hem sagdyn raýatlaryň juda zerurdygy, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu barada her bir çykyşynda belläp geçýändigini, biz üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, her bir raýatlarymyzyň öz saglygyny berkitmäge, dikeltmäge zerur bolan ähli mümkinçilikleriň bardygy, türkmen halkynyň beýik arkadagy, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmeniň nusgawy şahyry beýik Magtymguly Pyragynyň hem “saglygyň gadyryny bilgin, hassa bolmazdan burun” diýip belleýşi ýaly, saglyk iň derwaýys närse bolup, ähli üstünlikleriň, ösüşleriň gözbaşy hasaplanylýandygy, her bir zadyň sakasynyň saglykdygy hemmämize mälimdir. Ýurdumyzyň barha çalt depginler bilen ösýän bilim ulgamyndaky ösüşler hem ýokary netijelidir. Täze tehnologiýalardan, multimediýa enjamlaryndan, internet toryndan giňden peýdalanylmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmekde alnyp barylýan işler hem munyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu ýylda türkmen sportynyň hem ýokary derejelere mynasyp boljakdygy äşgärdir. Sebäbi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan eziz Watanymyzda taryhy wakalaryň biri boljak Aziada-2017-ä görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçjekdigine güwä geçip durýar. Her ýyl, her aý, her güni şanly wakalara beslenýän Watanmyzyň “Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýylynda” halkara abraýynyň pugtalanjagyna, ykdysady kuwwadynyň artjagyna şek-şübhe bolup bilmez. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň gözel paýtagtymyzyň we döwletimiziň mertebesini dünýä ýaýjak ýylynda biziň durmuşymyzyň has-da bagtyýarlyga beslenjekdigi baradaky duýgylary seriňe aýlanyňda, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda köňülde beslän bagtyna gowşandygyna ýüregiň bilen ynanýarsyň. Halkymyzyň eziz Arkadagymyza bolan alkyşy çäksizdir. Eziz Diýarymyzda ýene bir bellemeli zat, bilim, ylym ulgamyndaky ösüş-özgerişliklerdir. Ýaş nesli ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan berk, giň gözýetimli edip ýetişdirmek ugrunda alyp barylýan işler örän buýsançlydyr. Milli Liderimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän özgerişler, gazanylýan ösüşler ýurdymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, asylly sypatlarda terbiýelenmeginde giň mümkinçilikler döredýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin alyp barylýan işler, geljekde ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge özboluşly goşant goşýan şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde uly mümkinçilikler döredýär. Şeýle uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir