Türkmenistan döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda adam hakdaky, onuň bagtyýarlygy, röwşen geljegi hakdaky aladalar ilkinji orunda goýulýar. Gün-günden gülläp ösýän eziz Diýarymyzda ene-mamalarymyza, uýalarymyza uly hormat goýulýar we sarpalary belent tutulýar hem-de olar barada döwlet tarapyndan edilýän aladalar ilat arasynda uly goldawa eýedir. Ýurdumyzda eneleriň we ýaş çagaly, köp çagaly zenanlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny döwlet tarapyndan berk üpjün edilýär. Häzirki wagtda çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi şu aşakdakylara deňdir: birinji we ikinji doglan çagalar üçin-314,60 manat; üçinji doglan çaga üçin-605 manat; dördünji we soňky doglan çagalar üçin-1210 manat. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen çagaly enelere çagasy üç ýaşaýança iş ýerini saklamak şerti bilen rugsat berilýär we çagasyna seredýän döwründe hiç hili kösençlik bolmaz ýaly bir çaga üçin her aýda 157,30 manat möçberinde döwlet kömek puly berilýär. Her ýylda Halkara zenanlar gününiň şanly baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdiren eziz enelerimize “Ene mähri” diýen hormatly at dakýar. Ata Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhybelent nesilleri terbiýeläp ýetişdimäge asylly goşant goşan zenanlarymyza bolsa “Zenan kalby” ordeni gowşurylýar. Mähriban enelerimize hormatly atlaryň dakylmagy we ordenleriň berilmegi indi asylly däbe öwrüldi we munuň özi eziz Diýarymyzda gözelligiň, mähremliligiň, wepalylygyň nusgasy, ar-namysyň tugy hasaplanylýan zenanlarymyza goýulýan çäksiz hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýyl hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen enelerimiziň 280-den gowragy “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky topary belent ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän, ähli amatlyklary bolan täze , giň öýleriň açaryny aldylar we uly ruhybelentlik ýagdaýynda jaý toýlaryny tutdylar.