Gudurat ýuwaşlyk bilen Mukamyň egninden elini çekdi we sesiz otagdan çykyp gitdi. Mukamyň haýdap ýerinden turdy we Guduratyň otagyna baryp --hany sen gowy dostyň her wagyt ýanymda boljakdyň, hiçhaçan ýekegoymajakdyň ýöne hemmelerden birinji bolup uzadan eliňi yzyna çekdiň. diýip gahar bilen Guduratyň üstüne gygyrdy. Guduratam aljyraňly ýagdaýda  --bagyşla men... men Mukam näme pikir etjegimi bilmedim näm diýjegimi aklym  doňdy, hany adam beyle habar eşdeninde aklyna herhili zad gelýär...  --ýok sen meni bagyşla, seni doly tanamanlygym üçin dos... diýip Mukam guduratyň otagyndan çykyp gaýdýar. Ertesi gün ir bilen Mukam aeroporda gidýär we öýüne  gaýtmak üçin bilet alýar. Mukam biledini alansoň ejesine Ogulnabad daýza jan edýär --aloo salam ejejan gowumy ýagdaýlarňyz... --waý oglumjan howo howo gowy biz özüň nähili jansaglygyň, okuwlar gowjamy balam --gowy ejejan hemme zad --wah balam sesiňe döneýi, şeý..şeýdip jan edip dur käwagyt çagam... --eje aglaýaňmaý? --yoklo ýöne begenýändä. diýip Ogulnabat uludan demini aldy, we Mukam --ejem onna seni hasam begendireýin, men iniki hepde 3-nji gün öýe gelýän --oglum gowlukmy? ýaranokmy ýogsa kelläň agyrýamy ýene, janyn sagmy --ejejan gowulaý hemme zad ýöne sizi göresim geldi. diýim Mukam burnuny çekdi.  Mukamyň ýagdýlarynyň gowudugyny eşidip içi injalan Ogulnabat daýza --oglum biziňem seni göresimiz gelýär ýöne samalýot bilen gelip gitmek gymat  dälmi? bizem saňa idilli pul ugradyp bilemizok. --ýok ejejan bolsun bu gezek öýe baryp hiçýerik gitjek däl siziň ýanyňyzda galjak. --okuwuň näme oglum? --ejejan okuwam okuwdur ýöne sizden aýra gezip bilemok okaman geçeýin --waaah çagam bolýar onyaly bolsa gel gel haçhan gelýän diýdiň? --indiki hepde 3-nji gün sagat 2 yada 2:30 yalak gelýän eje Türkmenistanyň  sagady bilnedir ejejan. diýip Mukam ýene byr gezek elindäki biledine bakdy. onda  Ogulnabat daýza --oglum ogün saňa näme nahar bişireýin gelýänçän taýynlapjyk goýaryn --aý eje nahar hökman dällay türkmen çörek bişirseň bolýar diňe. diýip güldü begenjiniň çägi bolman Ogulnabat daýza  --wah çagam çörögem bişirerin sen halaýan naharyň mantam bişirerin, gelseň bolýar we menem aeroporda geljek öňüňden çykjak, elimede o seň halaýan gülüň bara çopontelpekmidi şol? --hehe howwo  --ana şony alyp geljek  --aý eje güllü zadly garşylamak hokman dälä, by hililaý --hiç hilem däl uly il edär şeýle, näme bizňem oglumuz türkden gelýär --bolýar eje, eje inni men gidmeli soň ýenede jaň ederin, diýip Mukam ejesi  bilen sagbolaşdi we telefony goýmaka --eje... ejejan men sizi söýýän... diýip aglady. Ogulnabat daýzada şumjaryp --bilýän oglum... --eje hemmänizi söýýän siz iň gowy maşgalam, iň gowy ejemsiň meň. diýip telefony goýdy, Ogulnabat daýzaňda bokurdogy dolup galdy. Mukam ejesi bilen gürleşip  bolansoň öýüne geldi we goşlaryny ýygnaşdyryp başlady.Dosty Gudurat otagyň gapysyny kakyp  --girip bilerinmi? --gel görkmasaň. diýip Mukam gödegiräk jogap berdi. Guduratam ýylgyryp --näme edýäň dos kömek gerekmi? --ýok sagja bol özüm ýygnaşdyraryn --byr ýerik gidýänmi näme  --howwo Bursa gitjek we indiki hepdede öýe Türkmenistana gidýän --bursa nämçün? we menem öýe gaýdýan indiki hepde --men irdenki uçak bilen uçýan. diýip Mukamam ýylgyrdy dosdy Gudurata gahary  entek ýatyşmasada oňam ýagdaýyna düşünmäne synanşdy, hiçkimem näme bilen  garşylaşjagyny bilmeýär, belki rak keseliň erwetdigini bilýär ýöne ýokanç  däldigini bilenok. diýip içini gürletdi. Gudurat Mukamyň ýanyna gelip bagryna basdy we --bagyşla meni dos, diýdi Mukamam gülüp --hehe menä eýäm ýädymdanam çykardym, we gujaglaşyp durmalyda maňa kömek et men bu gün Bursa gidýän --Bursa... Bursa nämçün? --byr dosdum bar ony gömäne, we 6 günüm boş geçirmäýin Türkýä gelip byr Istanbuly gördüm başga şähelere gidip görmedim --hää bolýar ýöne indiki hepde bile gaýdas dälmi? --seň bilediň haçan meňki irdene, we haýdaly men awtobusa gijä galaýmaýyn, diýip Guduraty howlukdurdy. Mukam Bursa gidýän awtobusa mündi eline gündeligini alyp öz başdan geçirenlerini ýazmaga başlady. Mukam Bursa internetda tanyşan byr  dostunuň ýanyna barýardy, ol dostuna kesili baradada internetden aýdýardy. We  inede 3-nji gün Ogulnabat daýza ir bilen turup hamyr edip, tamdyra odun atyp çörögüni bişirdi. sagat günortan 1 boldy Ogulnabat daýza kiçi ogluna  --bar oglum teke bazara git we mana olýerden 1 desse çopantelpek alyp aeroporda getir. diýip tabşyrdy we gyzynada --senem gyzym mantyny taýynlap goý gelýänçak hemme zady özüň edişdir --eje entäk irä byr yarym sagat bara barsaňam barlagdan geçýänçada garaşarsyň --bolsun irräk gideýin oglum maňa garaşmasyn men oňa garaşaýyn. diýip aeroporda gidýär. Ogulnabat daýza ogluna garaşyp otyr, Istanbuldan gelen ýolçylar çykyp  başlady Ogulnabat daýza eli güllü çykýan adamlaryň arasyndan öz ogluny gözleýärdi birden köpçülügüň içinden özüne tarap ýöräp gelýän Gudurata gözi duşdi. Gudurat Ogulnabat daýzaň ýanyna gelip --bagyshlaň Ogulnabat daýza sizmi? diýip titreýän sesi bilen sorady. we Ogulnabat daýza Guduratyň bu ýagdaýyny görüp aljyrap başlady  --how...howwo men sen kim oglum  --daýza men Mukamyň dosdy. diýip Gudurat göz ýaşlaryny syrdy. Ogulnabat daýzada --hany men oglum nämçün entägem çykanok? ýa gelmedimi, diýip Guduratyň elini  tutdy. Guduratam ýüzüni ýerden galdyrman  --gelli daýzajan gelli ýörüň barden baralyň, diýip Ogulnabat daýzaň elinden  tutup äkitdi. Ýörap barýarkalar Ogulnabat daýzaň içine ot duşýär  --nämçün biz barik gelýäs, ýa oglum çykyp gidäýmesin aňardan, oglum meni gözlärä. diýip gürläp gelýärdi.Ogulnabat daýzany byr gapyň öňüne getirp goýarlar, we  ,,daýza içerik giriň" diýip ýuwaş ses bilen biri gürleýär. Ogulnabat daýza başy aýlanyp ýüregi agzyndan çykaýjak bolýar. ýuwaş ädimler bilen içerik girýär we  görse... hanha ogul ýatyr byr tabytyň içinde... Bütün dünýä byr ýana byr enäniň ahy naly byr ýana... Soňy... MUKAM BU DURMUŞUYŇ 26 ÝAŞYNDA TÜRKIÝE DÖWLETINIŇ BURSA ŞÄHERINDE  BEÝNI RAK KESELINDEN BU ÝAGTY JAHANA GÖZLERINI ÝUMÝAR. Hormatly adamlar bu waka durmusa hakyky bolan waka.

Köneler, yurejigim tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir