Gudurat öýe gelip göni öz otagyna geçip ýatdy. Ertesi gün ir bilen turup ýuwunup uniwersitede gitmek üçin taýarlandy we Mukamyň otagynyň gapysyny kakyp --Mukam dos tur ertirlik iýeli son okuwa gideris, diýdi. Mukamyň otagyndan hiç ses gelenokdy , Gudurat gapyny açyp otaga gidi, ýöne otagda hiçkim ýokdy . Gudurat haýdap naharhana bardy we Ezize --Eziz Mukam haçan çykdy öýden bilýänmi --aý ýok... ýogsada ol dün öýe gelmedi dälmaý --hää Mukam öýe gelmedimi --aý menä görmedim... men sagat 2de ýatdym gije oňa çenlä gelmedi. Gudurat öýden çykyp uniwersiteda gitdi. Sapakda otyrkada akly dosdy Mukamdady. Gudurat pikirlenip otyrka telefonuna sms gelýär. Görse Mukamdan ,,dosjan hemişeki ýere gelsene içim gysýar'' diýip. Gudurat sapakdan çykjak bolup --bagyşlan mugallym men çykyp bilernmi --nämä çykjak, nirä çykjak... --mugallym men gysagly byr işm çykdy, rugsat berseňiz gidip bilerinmi --ol işiň biziň öwredýän zadlarymyzdaň möhümmi --howwo mugallym şuwagytky işim herzatdan möhüm --onna gidipbilersiň... ýogsada sen goluňy çekdiňmi --ýok mugallym --goluňy çekde soň gidiwer... Gudurat uniwersitetden çykyp Mukamyň hemişeki oturýan ýerine deňziň kenaryna tarap ylgady. Denziň kenaryna gelip uzakdan byr skomeýkada gujoguna byr pişigi alyp sypalap oturan Mukamy gördü, ýanyna gelip --nähili ýagdaýlaň gowumy --howwo men gowy sen nadýäň --menem boljak ýanja sms ibereňde men sapakdadym... --hää aý bagyşla men... bugün sapak ýok dälmaý saňa? --dün ýokdy... --dün maňa garaşman gidipsiň bolnisadan çykamda --ýöne s..en sen meni görüp yzyňa girdiň hiçzat diýmän --howwo men seni görenime begendim ýöne meni lukman çagyrypdy barlaglarymyň netijesi üçin, şepagat uýasy gelli yzymdan seslenip şonuň üçin girdim yzyma --häää a...a..amen ýoldaş bolmady diýip gaty görensiň öýtdüm... --men saňa jaň edipdim ýöne eliň öçükdi, agşamam jaň etdim öçük, söň kelläme gelli belki ýalnyş düşünendir diýip adamçylyk herhili zad bolýar --howwwo dos onsoň lukman näme diýdi gowlukmy hemme zad? --gowluk däl öýdýn --hää näme bollu Mukamjan --Men olgün yzyma öwrülüp lukmanyň ýanyna baramda... lukman otagynda ýerinden turup meni bagryna basdy, şepagat uyasam gelip başymy sypapdy, ýüzleri ýylgyrsada gözlerinde ýaş bardy. men --lukman näme hemme zad şonýaly erwetmi? --ýoook ýok erwedem däl... --lukman maňa ýalan sözlemäň... men näme keselim badygyny bilýän şuňçün arkaýyn aýdyweriň --eneň ataň bilýärmi, biz beýle ýagdaýlarda hosarlara habar bermeli hokman --ýok olar bilenoklar ýöne siz maňa barlagyň netijelerini beriň men olara özüm aýdaryn hemme zady, men özüm aýtsam dogry bolar --dogry ýone biz lukmanlaňam siziň hossarlarňyzy habardar etmegimiz gerek --onna Türkmenistana gidip aýdyň... --seň hiç hossaryň ýokmy bärde? --ýok bagyşlaň. maňa netijeleri berseňiz men inniki hepde öz watanyma dolanjak we özüm hemme maşgalama aýdaryn. diýip lukmandan netijelerimi alyp gaýtdym. Ýolla saňa jaň etdim telefona jogap bermäňsoň menem bärik gelip oturşum. --sen bütün gije barde oturduňmy ýeke özüň --howwo ýöne ýekedäldim seret bu dosdum(pişik)ýanymdady, hany öýegideli. diýip Mukam bilen gudurat öýe geldiler. Öýde nahar çöreklerini iýip herkim öz otagyna giripdi. Gije aklynda galan soraglaryň jogaplaryny bilmek isleýän Gudurat Mukamyň otagyna baryp --biz gürleşip bilerismi? --howwo dostjan gel --Mukam maňa goşulma diýersiň ýöne men seň näme keseliň bar bilesim gelýär --ýok hiç gorkuly zad ýok dos --byr zada bar häle soramadym hany keýpiňi pozmaýyn diýip --dostjan içiň rahat bolsun hemme zad gowy --gowy bolsa dogtarlar ýagdaýyňy maşgalaňa aýdaly diýmezdi dälmi? --nämçün herkim herzady bilesi gelýär --men seň dosduň saňa byrzadlara bolýar ýöne hiçhaçan derdiňi paýlaşaňok, men saňa hiç syrlarymy aýdamokmy --şuwagyt nämä gaharlanýaň, kabyr zadlary hiçkim bilen paýlaşmasak gowy --nämesi gowy men sen barada herzady bilesim gelýär --ýöne meň aýdasym gelenok bagyşla --nämçün nämeden gorkýaň men köçä çykyp gygyrasym ýoga eeeeý Mukamyň şeýle keseli bar adamlar diýip --bilýän ýöne dos... --ýöne näme hä ýöne näme... --dos byraz köşeş sesiň ýaman gaty çykýar, --şu bolşuňa sen hemişe ýeke, ýalňyz galarsyň, özüňi alyp barşyň geň hiçkim bilen derdiňi paýlaşman... näme etseň et bara ýöne soň ýene maňa içim gysýar zad diýip görleme, diýip Gudurat gapa tarap ýöredi we mukam --howwo men gorkýan... adamlaň maňa gyşyk göz bilen bakmalaryndan gorkýan... adamlaň maňa gynanç bilen bakmalaryndan gorkýan... menden daşlaşmalaryndan menden gorkmalaryndan gorkýan... doslarymy tanyşlary ýitirmekden gorkýan...diýdi. Gudurat Mukama öwrülüp ýanyna geldi we egninden tutup --dostjan men her wagyt ýanyňda bolaryn, näme bolsada... --me...ň mee...ň --her hassalygyň sonynda ölüm ýok --meň... meň beýnimde rak... rak keseli bar.