Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe abadan ýaşaýan ruhуbelent halkymyzyň rowaçlyklary gün-günden hasda ýokary galýar. Biziň Türkmenistan döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýdan peýdalanýar, 50-den gоwrak döwletler bilen diplomatik gatnasyklar saklaýar. Aýdylanlara anyk mysal hökmünde, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyñ paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljekdigini agzamak ýerlikli bolar. Bu uly müçberli çärä görülýän taýýarlyklar uly depginde alyp barylýar, galyberse-de daşary ýurtlardan küp sanly dünýä meşhur türgenleriň gelmegine garaşylýar. Çärýek asyrdan gowrak döwrüň içinde Ýurdumyzda asyrlara barabar ýetilen sepgitler her bir türkmenistanlyny guwandyrýan bolsa, ýurdumyzda dürli jenaýatlary edip çet ýurtlara gaçyp giden käbir şahslaryň bagryna iññе bolup sanjylýar. Olar öňki Watanyna bolar-bolgusyz şyltak atyp, biziň elimizi işden sowatjak bolýarlar. Emma olaryň bet pygyllary hiç haçan amala aşmaz! Sebäbi öz ýurduny söýýän her bir türkmenistanly gep-gybatlara gulak asman, Watanyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin, döredijilik işleri bilen gümra. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni-maksatly durmuş binalarynyň diňe bir paýtagtymyz Aşgabat şäherinde däl, eýsem beýleki welaýatlarda, şäherlerde hem toplumlaýyn gurlup durulmagy döwletimizde ykdysady potensialyň ýokarydygyndan habar berýär. 2012-2020-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda Ýurdumyzyň çäginde Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk Maksatnamasynyň giň gerimde durmuşa ornaşdyrylýandygyna, bu gurluşyklara ummasyz serişdäniň sarp edilýändigine garamazdan, Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň hem yzygiderli ýokarlandyrylyp durulmagy Türkmenistan döwletimiziň kuwwatly döwletdiginiň subutnamasydyr. Döwletde şol dolanşykdaky maýa gorunyň ýeterlikdigi raýatlarymyzyň gurulýan döwrebap binalarda işleýändikleri, dünýä ülňülerine gabat gelýän döwrabap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýandeklary muňa aýdyň mysal bolup biler. Mundan başga-da ýakynda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda 8 çagaly maşgalalara düýä ülňülerine gabat gelýän döwrabap ýaşaýyş ĵаýlarynyň sowgat berilmegi ýurdumyzda Döwlet adam üçindir diýlen şygaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna şaýatlyk edýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir