“Adamyň akyly ýolbarsyň penjesindenem ýiti ýaragdyr”. Бu jümle ýöne ýere aýdylan däl. Akylyňy döwre görä ulanmak her bir ynsana başardýan zat däl. Ýöne durmuşy döwre görä ýaşamak, dogry ýaşamak, döwrüň owadanlygyna düşünip ýaşamak her bir adama başartmaýar. Medeniýete, sungata döwre görä düşünen adama ol çylşyrymly däl. “Könesi bolmadygyň - täzesi bolmaz” diýlenem parasatly söz bar. Emma Ýer şarynda güýçli döwletleriň hatarynda “bedew bady” bilen özgerýän ýurdumyzyň gözel paýtagt şäheri Aşgabatda, könelişen ýadygärlikleriň bolmagy şäheriň görküni peseldýär. Gözellige beslenen täze arhitektura ýadygärlikleriniň ençemesi gözel şäherimize görk berýär. Şäheriň abadançylygyny, arassaçylygyny, gözelligini- owadan we göni edilip gurlan ýollar, köprüler, ajaýyp beýik binalar has-da gözel keşbe getirýär. Beýik-beýik binalaryň arasynda köne keşpde gurlan arhitektura ýadygärlikleri daş-töwerekdäki gurlan binalar bilen utgaşdyrylyp, täze keşpdäki ýadygärlikler bilen çalşyrylanda- onda, adamda dörän duýgyny göz öňüne getirip görüň!!!

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir