Asly nurdan, zandy halallykdan we päklikden bolan merdana türkmen halkynyň taryhy kökleriniň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýän milli mirasymyz, gadymy taryhymyz we kämil medeniýetimiz ähli döwürlerde-de dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekipdir. Çünki halkymyzyň sünnäläp kemala getiren kämil maddy we ruhy-medeni mirasynyň - milli diliniň, ynsanperwerlige, halallyga we ýagşylyga ýugrulan ynançlarydyr garaýyşlarynyň, asylly dap-dessurlarynyň, ýokary ahlak sypatlarynyň we gylyk-häsiýetleriniň, gadymy ekerançylyk, suwaryş, maldarçylyk, senetçilik, hünärmentçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň, ajaýyp milli egin-eşikleriniň, bagşyçylyk we dessançylyk däpleriniň, çeper edebiýatyň iň gadymy nusgalarynyň iňňän çuňňur taryhy-medeni köklere daýanmazdan, gysga taryhy döwrüň dowamynda kemala gelmegi asla-da mümkin däldir. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligini elmydama-da gyzyklandyrypdyr. Geçen asyryň başlarynda Türkmenistanyň çäginde geçirilen arheologik gazuw - agtaryşlary ata Watanymyzyň adamzadyň iň gadymy oturymly ekerançylyk mesgenleriniň biridigine şaýatlyk edýän ilkinji arheologiki tapyndylary ýüze çykardy. Şondan soňra geçen döwürde alnyp barlan ylmy agtaryşlaryň netijesinde häzirki zaman dünýä ylmynda Türkmenistan umumyadamzat siwilizasiýanyň Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý, Hindistan bilen bir döwürde gülläp ösen bäşinji siwilizasiýa merkezi hem-de gadymy medeniýetleriň mekany hökmünde uly şöhrata we giň meşhurlyga eýe boldy. Ýeri gelende aýtsak, türkmen topragynda iň gadymy eýýamlarda-da adamlaryň ýaşandygyna şaýatlyk edýän ylmy maglumatlar mälimdir. Jebel gowagy, Gaýly, Damdamçeşme ýaly ýadygärlikler ilkidurmuş adamlarynyň oturymly ýerleri bolup, olarda çakmakdaşdan ýasalan zähmet gurallary, balykgulaklaryndan ýasalan monjuklar ýaly has irki döwürlere degişli taryhy tapyndylar ýüze çykaryldy. Güneşli Diýarymyzyň çäginde gülläp ösen Jeýtun (b.e.öňki VI müňýyllyk), Änew (b.e.öňki V-IV müňýyllyklar), Altyndepe (b.e.öňki III-II müňýyllyklar) köpöwüşginli ekerançylyk medeniýetleriniň, Marguş (Goňurdepe, b.e.öňki III müňýyllyk) siwilizasiýa merkeziniň ýüze çykarylan we ylmy esasda öwrenilen maddy yzlarynyň düzüminde eýýäm şol has irki döwürlerde maldarçylygyň hem rowaçlanandygyna şaýatlyk edýän tapyndylaryň-da bolmagy (atlaryň ystyhanlarynyň galyndylary, atlaryň gadymy toýun heýkeljikleri, arabalaryň galyndylary we olaryň toýun heýkeljikleri we ş.m.) iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Bu ylmy hakykat merdana pederlerimiziň ekerançylyk bilen deň derjede maldarçylyk däpleriniň-de iňňän gadymylygyna ynamly şaýatlyk edýär. Ylaýta-da, bu babatda pederlerimiziň tohum atçylygy we seýisçiligili aýratyn uly gyzyklanma döredýär. Çünki türkmeniň ahalteke bedewi dünýäniň iň aňrybaş arassa tohumly naýbaşy bedewleriniň biridir. Diýmek, onuň taryhy kökleriniň iňňän alys eýýamlara siňip gidýändigi-de şübhesizdir. Muňa halkymyzyň medeniýetinde bedewiň tutýan aýratyn möhüm orny-da doly güwä geçýär. Gündogar bilen Günbatary gury ýer we deňiz-derýa ýollary arkaly baglanyşdyran ägirt uly söwda-ýol ulgamy hökmünde taryha giren Beýik Ýüpek ýolunyň (b.e.öňki II asyr - b.e. ХV asyry) başlanan döwürlerinde Çynmaçynda “asman atlary” diýen ada mynasyp bolan naýbaşy bedewimiziň biziň günlerimize deňiç gelip ýetmeginde merdana pederlerimiziň uçursyz yhlas-aladasy bar. Çünki ata-babalarymyz bu arassa ganly tohum atyny müňýyllyklaryň dowamynda sünnäläp kemala getiripdir, kämillik derejesine ýetiripdir we arassa saklapdyr. Öz gezeginde, arassa türkmen tohum atlarynyň birnäçe täze at tohumlaryny döretmekde giňden peýdalanylandygy-da mälimdir. Esasy nygtalmaly zatlaryň biri bolsa, türkmeniň gadymy medeniýetinde atyň tutýan orny juda-juda belentdigidir. Halkymyz özüniň behişdi bedewini ynsanylaşdyrmagyň we ylahylaşdyrmagyň ýokary derejesine galdyryp, “türkmeniň ganatyna”, “ynsan kimin syzýan” düşbi jandara deňäpdir. “At agynan ýerde toý bolar”, “At-myrat” ýaly ajaýyp pähimleri döredipdir. Galyberse-de, türkmen öz bedewini hiç bir ýagdaýda-da harlamandyr, tesine, ony göwün syrdaşy, ýowuz güni ýoldaşy hökmünde apalapdyr. Hatda nusgawy türkmen edebiýatynda “Bedew temasynyň” kämil derejede işlenilmegi (ähli türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiliginde bu tema işlenilipdir) dünýä nusgawy edebiýatynda seýrek gabat gelýän hadysadyr. Diýmek, ata Watanymyzyň Döwlet Tugrasynda ahalteke bedewiniň şekillendirilmeginde çuňňur taryhy-medeni many-mazmun öz ajaýyp beýanyny tapýar. „Biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa hereketiniň ösdürilmeginde, tutuş dünýäniň halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda uly goşant boljakdygyna doly ynanýarys!“ diýip jaýdar nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmeklige, köpçülikleýin bedenterbiýäni we türkmen sportyny ösdürmeklige döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary, üns-aladasy bimöçberdir. Munuň aýdyň mysallary hökmünde „Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyna“ laýyklykda amala aşyrylýan giň gerimli işleri, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary, halkara ülňülerine laýyk gelýän sport maksatly desgalaryň, täze stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň gurulmagyny. Aşgabatda uly sport köşkleriniň, Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň alnyp barylmagyny we halkara derejesindäki sport bäsleşikleriniň geçirilmegini, ýaş türgenlerimize halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklyga giň mümkinçilikleriň döredilmegini, „Türkmenistan- ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy“ atly Milli Spartakiadanyň geçirilmegini görkezmek bolar. 2017-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu ajaýyp halkara sport çäresiniň baş nyşany hökmünde türkmeniň ahalteke bedewiniň saýlanylyp alynmagy merdana halkymyzyň öz behişdi bedewlerine goýýan hormat-sarpasyny, şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň atçylyk we seýisçilik sungatyna bolan hormatyny, türkmen bedewlerine bolan söýgi-yhlasyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy. Häzirki wagtda ýudumyzda V Aziýa oýunlary ýokary derejede geçirmek boýunça gyzgalaňly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şonuň çäklerinde geçen ýylda Gadymy Parfiýanyň paýtagty Gadymy Nusaýdan badalga alan atly ýörişiň bütin ýurdumyz boýlap geçmeginde-de, onuň geljekde dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz känine barmagynda-da, şol ýerde V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylmagynda-da, soňra şol alawyň V Aziýa oýunlarynyň geçýän ýeri bolan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabada getirilmeginde-de aýratyn çuňňur many bar. Häzir 17 sany gerçek türkmen ýigitlerinden ybarat bolan atlylardan ybarat bolan ýöriş Diýarymyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynyň çäginde dowam edýär. Halkymyz öz atly gerçeklerini, gujurly türkmen bedewlerini duz-çörek, aýdym-saz, toý-dabara bilen garşy alýar. „Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir“ diýip nygtaýan, ata Watanymyzy we bagtyýar halkymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutumly maksatlary elmydama rowaçlansyn!