Seydibem her gun gonsylarynyn ogly Resuldan oyislerini gunde gecen sapaklaryny gatnap owrenyar Resulun kakasy matematik mugallym bolanson ondan matematikany owrenyardi, basga sapaklardan bolsa edebyatdan sahyrlary haysy sahyr haysy gosgulary yazanyny belleyardi. seydip aylaram gecdi inede synag tabsyrmaly wagtam gelip yetdi mukam ejesi bilen mekdebe bardylar welin olary bellige alyp hacan synaga gelmelidigini aydyp goywerdiler. synaga 3 gun galypdy Mukam gunde isden son Resulun kakasyny yanyna baryp gerekli zadlaryny owrenyardi agsamam bolsa oyde sol ozi sahyrlan gosgularyny dogylan yyllaryni we nirede dogulandyklaryny we basga sapaklardan sune mezes zatlary yat tutyardy. synagy bolmaly gunun on yanynda Mukam gaty gija galyp depderlerini acyp yat tutmadyk zatlaryny yatlap otyrdy ejesi yanyna gelip --oglum beydip yat tutup otyrman okap gecsenem bolardyda --eje okasam bolmaz yat tutmak gerek bu mekdebin soraglaryny bilyanmi, biz basdabaramyzda beren soraglaryny gordunmu --howwa gordum --ana eje olar 1 sorag beryaler we asagyndanam 4 sany jogabyny beryaler, eger men yat tutsam jogabyny bilmam ansat bolar. Ogulnabad Mukamy gujaklap --wah sen aklyna doneyin balam diyip, goz yaslaryny supurdi. synag gunem gelip yetdi Muakm ir saherden bari tolgunyardy, ejesi bilen okuwa geldiler. Gorseler ozlerinden basgada köp ene ata çagalarynyň elinden tutup barypdyr. Mukam içinden,, baý boow munça çagan içinden saýlanmaga ýaman kyn boloroow'' diýip daş töweregindäki adamlary synlaýardy. hemme okuwçylary klaslara salyp başladylar synaga başlandy ene-atalaram tolgunup garaşýardylar. Synag gutardy hemeler daşary çykdylar, herkim ylgap çagasyny gujaklaýardy. Mukamam ýylgyryp çykýar daş töwerekdäki şadyýanlyklary görüp olam ejesini bagryna basasy geldi, ýöne iki ýana ylgap ejesini näçe gözlesede tapyp bilmedi. Herkim çagalarynyň elinden tutup gaýdýardylar daş töwerekde hiçkim galmady byr Mukamyň ýeke özi byr gyrada otyrdy aňardan byr mugallym gelip --sen näme otyrsyn, arkaýyn gaýdywrr synagyň jogaplary 3 günden belli bolar. --hää men şoňa garaşyp durdum, onýaly bolsa men gaýdaýyn, --sen öýňüze ýeke özüň gaýdýaňmy? ýanyňda ejeň-kakaň ýokmy ya doganyň --ýok... ýok --wii bagyşla ýa seň --meň ejem işe gidmeli boldy şoň üçinem garaşman howlukup gidendir. diýip kellesini galdyryp ýylgyryp ýpla tarap ýöreýär. Muakm öýlerine gaýdýar ýolla barýarka,, ejem işine gidendir ýogsama gararaşardy. diýip barýary. Duralda ýetip awtobusa garaşyp otyrdy, aňardan 1 lik trelebus geldi, Mukam iň yzky gapysyndan münjek bolanda anardan --mukam dur garaş. diýip mekdep tarapydan haýdap gelýän ejesini görüp saklandy. --eje sen näme işde dälmi? --işde häzir nahar wagta, --onda oturup naharňyzy iýmeli ekeniňizdä, meň özüm barardymda öýe --men näbileýin hemmeleň ene-atasy garaşyp durdy Mukamjanam çykyp meni görmän kemsinäýmesin diýip gaýtdym. Mukam ejesine ýaşly gözleri bilen bakyp --eje gowy edipsiň.. diýdi. oýlerine geldiler we Mukam ejesine synagyn nähili geçenini nähili soraglaryň bolanyny gürrüň berdi. Mukam sabyrsyzlyk bilen 3 günüň çaltyrak geçmegine howlukýardy. ine 3 günem hä diýmän geçdi Mukam ejesi bilen Başkent mekdebine jogaplary bilmäne barýardy. Ýollda tolgunýar, --eje nähili bolarka geçdimmikäm...? --bilmedim. Ýöne geçmseňem gynanmagyn, gördünä adam ýaman köp boldy --bolýa eje. gelip görseler mekdebiň öi adamdan doluy. herkimem mekdebiň gapysynda asylan kagyzdan öz ad familýasyny görjek bolýardy. Mukam ejesi bilen dykylyp geçip asylan kagyzy okap başladylar. iki bolup hersi bir ýerden gözleýärler. birden Muakm --eje bärde,bärde men adym bar.diýip gygyrýar. ejesem seredip görse dogurdanam oglunyň ady bardy, ejeli oglun begenjiniň çägi yokdy. Olr gapyň agzyndaky duran mugallymdan --meň oglum geçipdir indi haçan gelmeli --genje şol kabineta baryň ol ýerde size hemme zady aýdarlar Ogulnabad ogly bilen salgy berilen kabineta baryp --bagyşlaň mümkinmi bizi siziň ýanyňyza iberdiler meň oglumyň ady çykypdyr. --gutlaýan gelneje onýaly bolsa indi siz diňe şu gerekli resminamalary taýarlap getirseniz we okuwyň 1 ýylky töleini töleseňiz ogluňyz sentýabyryň 1nden okuwa başlap biler. Mukamyň begenjinden ýüzi-gözi gülüp durdy, ýöne ejesi odiýen begenmedi, sebäbi häzir oglunuň okuwy üçin pul töläp bilmejegine, we Mukam buny bilse gynanjagyna, gynanýardy. Ogulnabad --bolýa biz geleris. diýip ogluny alyp çykyp gaýdýar. ýolda barýarkalar Mukam ejesiniň pikire batyp barşyny halamaýar we --eje sen begenenokmy? ejee... --hä... hänäme oglum näme diýdiň --eje saňa näme bolýa ýaranokmy? --ýokla hemmezad gowy. diýip ýylgyrýar.Şeýdip olar öýlerine gelýärler, öňlerinden jigisi Daýanç çykyp --eje geçdimi hä geçdimi? mukam bolsa ýylgyryp --howwa men geçdim basym täze mekdepde okap başlaryn. Mukamyň bu söleri ejesiniň gözlerini ýaşartdy. Ogulnabad öýde oturşyna Mukam ýagdaýy nädip düşündürjegini bilenokdy dymyp otursada içi rahatlyk tapanok. Ahyram Mukamy ýanyna çagyryp --Mukamjan saňa aýdmaly zadlam bar welin nädip aýdjagymy bilemok --eje näme aýdjak bolýaň meni gorkuzmasana --yok gorkuly zadam yok, ýöne neme biz okuw puluny töläp bilmeris bagyşla pullary okuwa bersek kakaň dermanlaryny alyp bilmeris. --yokla eje oňada gynanyp bolmazlaý, men ýenede oňki okuwumda okarynda. diýip ýylgyrp öz otagyna tarap ýöredi, näçe göz ýaşlaryny saklajak bolup jan edsede bolmady, gynanjyna döz gelip bilmän aglady. birdenem yzyna öwürlup --eje belki biz ýagadaýymyzy düşündürsek, hemme zady aýtsak, men siziň ogluňuz däldigimi meni ýetimlr öýünden alanyňyzy aýtsaňyz belki alarlar pulam töletmezler. Ejesi yerinden turup gelip Muakmyň ýüzüne eli bilen uruýar we --sen näme etmek isleýän, ýa biz senden bizar bolandyrys diýip pikir edýäňmi aýd sen näme isleýäň. Mukam duran ýerinde doňup galýa, ejesiniň gaharyny getirenine bütün enndamy sandyrap durdy, sordan gürläp --eje... ejejan... begyşla men hiçzad islämok ýöne okasym gelýä illeň çagasy ýaly, menem okuwa gatnasym gelýä, özüm ýaly oglanlar bilen doslaşyp oýnasym gelýä...