Baharyň gözel-görkana günlerinde, gül roýly zenanlaryň bagtyýar ýüzlerinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp keşbi has aýdyň görünýär. Köňüllerde bolsa guwanç, buýsanç, şatlyk-mähir joş urýar. Olary synlanyňda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zenanlary barada aýdan şeýle jaýdar pähimi hakydaňa dolýar: „Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar“. Gahryman Arkadagymyzyň zenanlar barada aýdan şeýle parasatly sözleriniň aýdyň beýanyny bolsa, nurana bahar günleriniň baýramçylyk dabaralarynda aýdyň görýäris. Biziň şeýle tarypa mynasyp mähriban enelerimiz, eziz käbelerimiz, mährem uýalarymyz bakylygyň şuglasy bolup, nesilleriň ýoluna ýalkym saçýar, köňüllere mähir çaýýar, bagtyýar döwrümize gözellik hem edalylyk bagyşlaýar. Çünki ýuzleriniň her ýygyrdynda wepadarlygyň, päkligiň, mertebe belentliginiň şaýady bolan wakalaryň yzlary gizlenen kümüş saçly enelerimiziň ömür menzillerine syn edeniňde, oýlanmalar böwrüňi diňlemäge mejbur edýär. Olar hakyda hazynasyna siňip, bakylygyň şuglasy kimin, geljekki nesilleri gowulyga, ahlak päkligine, ynsanperwerlige çagyryp, olary belent maksatlara gönükdirip, ak ýollara ataryp, merdana ömür sürdüler we häzirki ajaýyp zamanamyzyň buýsaçly günleriniň hözirini görüp ýaşaýarlar. Olaryň nusgalyk ykbal ýollary, ömür öwrümleri, durmuş pelsepeleri peri-peýker kimin gözel-owadan, on barmagyndan dür dökülýän, edep-ekramly türkmen gelin-gyzlarymyz üçin bahasyz edep-terbiýe mekdebidir. Gadymy döwürlerden bäri tutuş milletimiziň ar-namysyna, ýüzüniň tuwagyna deňelýän gülden näzik gelin-gyzlarymyzyň mertebesi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň syýasy, durmuş, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan asylly işleriň, kabul edilýän döwletli kanunlaryň halkara hukuklaryna doly laýyk gelýändigine güneşli Diýarymyzda her bir maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak meselesini çözmekde, eneligi we çagalygy goramakda, sagdyn nesli kemala getirmekde, zenan mertebesini sarpalamakda bitirilýän ilhalar işler, oňyn özgertmeler doly şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň gülden näzik zenanlarymyza, mährem käbelerimize gaýtaryp beren Halkara zenanalar güni - 8-nji Mart baýramy, köp çagaly enelere ýylyň-ýylyna dakylýan hormatly “Ene mähri” ady, zenanlarymyz üçin döwlet tarapyndan döredilýän durmuş - zähmet ýeňillikleri we kepillikleri, her ýylda şa Permany esasynda berilýän baýramçylyk pul sowgatlary, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň ähli gelin-gyzlaryna telewideniýe arkaly gutlag bilen ýüzlenmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň erkana hem görkana, gaýratly hem nurana gelin-gyzlarynyň, mährem-mähriban eneleriniň buýsanç ýürek buýsançlaryny ganatlandyrýar. Ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem il içinde sylag-sarpasy, abraý-mertebesi bilen adygyp, maşgala ojagyny berkitmekde, nesil terbiýesini kämilleşdirmekde görkezýän görüm-göreldesi boýunça, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda halal hem gaýratly zähmeti bilen aýratyn tapawutlanýan zenanlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän çäreler, guralýan bäsleşikler hem hut häzirki günlerde zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň nä derejede belentdigini aýdyň alamatlandyrmak bilen, güneşli Diýarymyzyň dürli edara-kärhanalarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, jemgyýetçilik işlerinde yhlasly zähmetleri bilen ata Watanymyzyň gülläp ösüşine saldamly goşant goşýan zenanlara goýulýan belent derejäni, gelin-gyzlaryň erkin hukuklaryň eýeleridigini, olar üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilendigini dünýä äşgär edýär. Çünki zenanyň jemgyýetdäki we döwletdäki tutýan mynasyp orny bilen, demokratik we dünýewi döwletiň hem-de jemgyýetiň ýeten kämil derejesi aýrylmaz baglanyşyklydyr. Zenanlaryň jemgyýetdäki tutýan ornuny has-da beýgeltmekde, olaryň maşgala abadançylygyny pugtalandyrmakda, ýaş nesli milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ojak eýeleriniň tagallalaryny birleşdirmekde, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmekde we goldamakda döwletimizde bitirilýän ilhalar işleri tüýs ýürekden goldamak bilen, biz, türkmen zenanlary, taýsyz üns-aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys! Goý, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesini belende göteren, mähriban gelin-gyzlarymyzy baky bagta eýe eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, tutumly maksatlary elmydama rowaçlansyn!