Bereketli türkmen topragyny läle-gülzarlyga büräp, ülkämize Nowruz geldi. Nowruz Gündogar halklarynyň iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. Ony şahyrlarymyz öz şygyrlarynda uly hyjuw bilen wasp edipdirler. Nusgawy şahyrymyz Şabende “Geldi Nowruz, Jümleýi älem gülüstandyr bu gün”, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: Gökde ýyldyz hormaty, Ýerde Nowruz hormaty, Gije-gündiz hormaty Günähim güzeşt eýle! diýip, Nowruz baýramynyň gelmegi bilen tebigatyň janlanýandygyny, milli baýramymyza türkmen halkymyzyň uly hormat goýýandygyny taryplapdyrlar. Nowruz ekerançylygyň baýramy hasaplanyp, ata-babalarymyz: “Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir”, “Nowruz geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş” diýen dana pähimlere eýerip, Nowruzyň gelmegi bilen ýaz ekişine başlapdyrlar. “Täze ýyl” diýen manyny aňladýan Nowruz baýramy köp halklary birleşdirip, dost-doganlygyň, agzybirligiň, hoşniýetliligiň nyşany hökmünde halkara medeni aragatnaşyklaryň çeşmesine öwrüldi. 2009-njy ýylda Nowruz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2010-njy ýylda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň senenamasyna Halkara Nowruz gününi goşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygy, abadançylygy we ylalaşygy alamatlandyrýan Nowruz baýramy ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan bellenilýär. Bu baýramçylyk köpçülikleýin bolup, ony diňe maşgala bilen däl-de, eýsem dostlar, dogan-garyndaşlar, goňşular bolup birek-birege myhmançylyga baryp, bilelikde garşylaýarlar. Türkmen obasynyň durmuşyny ýatladýan ýaýlalarymyzda gadymy hem müdimi mirasymyzy açyp görkezýän amaly-haşam sungatynyň sergisi, milli oýunlarymyz, behişdi bedewlerimiziň ýaryşy guralyp, ojaklarda milli tagamlarymyz bişirilýär. Türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň alamaty bolan bu baýramçylyga daşary ýurtdan gelen myhmanlarymyz hem gatnaşýar. Ene-mamalarymyz Nowruzda taýýarlanylýan esasy tagamlaryň biri bolan semenini gaýnadyp, tagamyna getirýänçä, gyz-gelinler täze taryhy eýýamyň bagtyýarlygyny wasp edip, aýdym aýdýarlar, läle kakýarlar, monjuk atdy oýnaýarlar. Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda her bir güni toý-baýramlara, hoş habarlara, buýsançly hem şatlykly wakalara beslenýän halkymyzyň Nowruz baýramy gutly bolsun! Türkmen halkymyzy ýagty geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!