ukam ejesi bilen Öylerine geldiler, Öye girip Mukam gÖni Öz otagyna geÇdi. Gapyny iÇinden Ýapyp otyrdy, birden gapyny kakasy kakayp --Mukam ÝÖr biz gidaris yenede iş bar, çaltyrak aşak düş garaşýan, diyip aşak düşýär, kakasy aşakda  epesli wagyt garaşýa, ýöne Mukam entegem düşenokdy. Ahyry kakasy gaharlanyp yokary çykyp --Mukam sana kän garaşmalymy --maňa garaşmaň men gidjekdäl ýaramok --meň gaharymy getirmede gapyny aç...  Muakm sesini çykarmady, onda kakasy gaharlanyp gapyny depip başlady, gapyň aňarsynda oturan Mukam edýän hereketiniň gowluga eltmejegini bilsede hiçzad edmän oturdy. Içinden ,, aý näme eder girer  urar gider başga näme edsin, öldüresi ýoga'' diýip pikir edýärdi. kakasynyň gohuna aşakdan ejesi  ylgap gelip  --näme boldy gohun näme --bu başyna giden çaga näme bolýar, gapyny açanok,byr gapyny açyp gireýin oň bilen gowja gürleşerin --dur men gürleşeýin ony gorkuzan bolaýma --maňa billirenok näme bolýany maňa garaşýan adamlar gyzyklandyrýar, olar bilen iş tanyşmak  howuply, we seň bu getiren..... iňem meň işime zerar bermegine ýol bermen. --hany sen durany, Mukam.. Muakam.. oglum aç gapyny kakaň ýaman gaharlanýar aç oglum --ýok eje ol gaharlananok ol gorkýar dälm häzir, eger men bugün indi gidmesem hiçýere. --senä bara ýaman başyňa gidipsiň, aç gapyny ýerçeken... aç ýetim meýdiýanan... sen indi eýgilige garaşma bizden. kakasy palta alyp gelip gapyny urup başlady. Muakm sandyrap başlady içinden ,, gelsinler öldürsünler bary byr 11 ýaşyma çenli gowlukda ýaşamadym, indem yzyma ýetimler öýüne barasym gelenok meni hiçkim almaza ogulluk, iller ýaly okap ýazybama bilemok''diýip aglaýardy ahyry gapyny döwüp girip kakasy bilen ejesi mukama topuldylar. ony surap aşak düşürdüler welin öňlerinde gözlerini ýaşa doldurup oturan Maralyň janajan jorasy Ogulnabada gözleri düşdüler.  Ogulnabadyň gelenine epesli wagyt bolupdy, gapy açyk bolansoň arkaýyn öýe giripdi. Öýde goh galmagal bar  bar öýdýän diýip çykyp gitjekdi ýöne Maralyn ,,ýetim meýdýana'' diýen sözlerini eşidip saklanypdy. Jorasyny görüp Maral ýylgyrdy --salam jorojan seň geleniňem bilmändiris. Ogulnabad sesini çykarmady sebäbi bogazy dolyp durdy. Iki gözleri agyz,burnundan gan akyp duran Mukamdady. Birdenem ýuwşlyk bilen ýerinden turup Mukama tarap ýöräp urady, Mukamyň ýanyna baryp ony bagryna basdy. Mukam bir pursatlyk geçmişe dolanyp ilkinji ejesini ýadyna saldy. ilkinji gezek özünüň şeýle mähir bilen gujaklananyna eýýäm ýedi ýyl  geçipdi. Ene-ata mährine zar bolup giden Mukam Ogulnabat daýzny goýweresi gelmedi. kakasy --hany bolly ýör çalyt biziň edmeli ňşlerimiz bar. diýip Mukamyň elinden tutup çekip başlady.Mukam Ogulnabad daýzaň elinden goýwermedi. we --meni bular bilen goýwermäýindä meni okuwa goýwermän dermanlaryny daşadýalar, maňa derman satdyrýalar, daýza men elimi göýwermaýiň. Maral haýdap baryp Mukamyň ýüzüne iliniň tersine ýelmeýä.Ogulnabadyň  göz ýaşlay güçlenýärdi, Marala seredip --hany siz indi bu zatlar bilen meşgulanaňyzokdyňyza, adamy boşap gelse bolýa hiçhaçan haramlyga  golaýlaşmarys diýýädiňä? --hemmezad şeýle aňsat däl seň özüňpikir et jorajan baý günde ýaşap soňam peselmek nähili bolýa  onsoňom aňsat pul gazanyp bolýaka biz nämçün kösenmeli diýsene. --onda bu çaga näme günasi bar buzadlarda, oňa näme dakylly ýeri bar haramlygyň --sen bul çagaň gowydygyny nireden bilýäň, oň ene-atasy barada bilýän zadyň barmy. haýsysy gowy ene-ata öz çagasyny ýetimler öýune berer. buň ene-atasy ýara gününi görüp bilman garypgünde galyp maşgalasyny ekläp bilmeýan adamlar bolmaly, ya-da ejesi köçöde gezip ýören künti bolmaly çagasyny  dogurup taşlap giden bolmaly, şeýle dogry dälmi.? Şol bada gapydan byr topar adamlar girýär. kakalary gelen adamlary görüp aljyrap başlaýar. --bagyşlaň biz häzir barjakdyk taýarlanyp otyrdyk. diýýär. gelen adamlardan biri --biz kän garaşdyrsalar halamyzok, garaşmagy asla halamyzok, hany hemme zaltar taýynmy ýa ýenede  garaşmalymy? --yok yok taýyn häzi...  adamlaryň öňüne düşüp gelenleriň biri Ogulnabady görkezip  --bul aýal kim? olam siz bile bile işleýärmi? Ogulnabad sesini çykarmady sebäbi eli tayakly adamlary ilkinji gezek görýärdi. Maralam aljyrap  --ýok bu meň joram oturmana gelipdi özem eýýäm gaýdyp barýardy, şeýledämi joro?  ogulnabad dymyp durşuna, zordan  --howwo howwa men gaýdyp barýan, men gaýdsam bolara?  eli tayakly adam ,, bar gidiwer '' diýýär. ogulnabad zordan sandyrap gapa ýetdi yzynada seredenokdy birden ses eşdildi,, eje menem äkitdä'' Ogulnabadyň bütün bedenisannyrap gitdi,zordan yzyna öwrildi, eli tayakly adam ,, ol sen ogluňmy'' diýip Ogulnabatdan sorady, Ogulnabad ellerini, sesini titredip  --howwa oglum, meň oglum...

Köneler, yurejigim tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir