Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzgünsaýyn ähli ulgamlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetýär. Ýurdumyzyň sport pudagy hem türkmen sportunyň Hak Howandary Arkadag Prezidentimiziň nusgalyk göreldesinden ugur alyp uly ösüşlere we özgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda Mähriban Prezidentimiziň tagallalary bilen köpçülikleýin bedenterbiýe we sport halkymyzyň arasynda, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Sport sagaldyş toplumlarynyň, bedenterbiýe meýdançalarynyň müňlerçesi eýýäm gurlup, halkymyza hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda boljak uly wakalary nazara almak bilen, ony “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçirmegi teklip etdi. 2017-nji ýylyň şygarynda iki düşünje–sagdynlyk we ruhubelentlik sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi kanunalaýyklykdyr: sagdyn adam ägirt uly meýilnamalary düzmek bilen çäklenmän, eýsem, olary amala aşyrmak höwesine hem eýe bolýar. Sagdyn jemgyýet – bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. Berkarar döwletirniziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgesine berkitmek we köpçilikleýin sporty hem-de bedenterbiýäni ösdürmeklige uly ünsüň berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolan “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” ýurdumyzda bederterbiýäni we sporty ösdürmek barada goýlan wezipeleri amal etmekde möhüm ädim boldy . Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, ylaýta-da ýaşlaryň sport bilen giňden meşgullanmaklygy üçin möhüm şertleriň döredilmegi döwletimizde ynsan saglygy hakyndaky aladanyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Döwletiň gülläp ösmegi hem-de kuwwatlanmagy, elbetde, sagdyn we bilimli nesle bagly bolup durýar. Şeýlelikde, halkymyzyň saglygyny berkitmek we berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek maksady bilen döwletimiziň ähli ulgamlarynda sport çäreleri yzygiderli geirilýär. Häzirki wagtda 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görülýär. Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň aglabasy eýýäm hereket edýär, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde gurulýan halkara synag ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyzda 2016 njy ýylda ýeňil atletika , basketbol , jiu-jitsu , tennis, milli göreş, sambo boýunça synag ýaryşlary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Resmi keşbini we Tumaryny yglan etdi. Biziň resmi keşbimizde yagtylygyň alamaty duýulýar, onda eýýamlar, ýylyň dürli pasyllary we turkmen tebigatynyň dürli landşaftlary birleşipdir. Oýunlaryň tumary bolsa Alabaý bolar, ol halkymyzda ýeňşe bolan erk-islegi, gaýduwsyzlygy hem-de sport hyjuwyny alamatlandyrýar. Aziýa oyunlaryň şygary “ Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” . Bu şygarda oýunlaryň esasy maksady – Sagdyn durmuş ýörelgesine we sport bilen meşgullanmaga, dünýäniň döwletleriniň hem-de halklarynyň arasynda dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekdir. V Aziadanyň resmi keşbinde türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary beýan edilýär. Ol nepis şekil bilen bezeg şaý-sepleri ýadyňa salýar. Keşbiň ähli çeperçilik bezeginde duýulýan türkmeniň laçyn guşunyň ganat kakyşy belentlige barýan güýçli depgini aňladýar. V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbinde Beýik Ýüpek ýoly boýunça türkmen sährasyndan geçip barýan söwda kerwenini, ak öýleriň setir gurap oturan şekilini, gadymy milli binagärçilik ýadygärliklerini, eli dutarly türkmen ýigidini, bugdaý sümmüllerini, häzirki zaman binalarynyň şekillerini, alabaýyň we türkmen bedewiniň şekillerini görmek bolýar. Birnäçe bezeg önümlerinde türkmen gawunlary, zergärçilik eserleri, haly nagyşlary görünýär. “Aziada–2017-niň” çäklerinde guraljak halkara sport ýaryşlaryna gatnaşjak sport wekiliýetlerine, myhmanlara ýokary hilli oňaýlyklary döretmek çäräniň guramaçylyk işleriniň iň esasylarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiziň ýörite tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan rus we iňlis dillerini oňat bilýän, V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak wekiliýetlere hem-de myhmanlara hyzmat etjek türkmenistanly meýletinçiler toparynyň agzalaryny bäsleşik arkaly saýlamak boýunça degişli işler geçirildi we bu iş häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Meýletinçileriň işi diýlip, raýatlaryň erkin meýli boýunça amala aşyrylýan, ýerli, milli ýa-da halkara derejelerinde jemgyýetçilik ähmiýetli hyzmatlary ak ýürekden ýerine ýetirmäge gönükdirilen, bu işi ýerine ýetirýän raýatlaryň (meýletinçileriň) şahsyýet taýdan ösmegine ýardam edýän jemgyýetçilik gullugynyň görnüşine düşünilýär. Aziada taýýarlyk görmegiň çäklerinde Oýunlar Akademiýasynyň bilim maksatnamasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Bilim Ministrligiginiň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň 10000-den gowragy dil taýýarlygyny we ýaryşlary guramaçylykly geçirmek boýunça hünär başarnyklaryny artdyrýarlar. Olardan 119-sy daşary ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlarda tejribe başarnyklaryny, 1041 meýletinçi bolsa Aşgabat şäherinde geçirilen halkara ýaryşlarynda nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde amal etmek bilen öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Aziada 2017-niň maksatnamasyna laýyklykda talyp meýletinçiler diňe bir dil taýýarlygy boýunça bilimlerini artdyrmak bilen çäklenmän öz hünär taýýarlygyny hem ýokarlandyrýarlar olara mysal edip sport, aragatnaşyk, marketing, çäreleriň hyzmatlary, protokollary doldurmak we resminamalary taýýarlamak, logistika, işgärleri we taslamalary dolandyrmak, akkreditasiýa, tehniki we tehnologiki hyzmatlar ýaly hünär taýýarlygy üçin nazaryýetde alan bilimini tejribelikde amal etmek bilen ukyp-başarnyklaryny artdyrarlar. Bu ägirt uly halkara ähmiýetli sport ýaryşynyň geçirilmegi Türkmenistan döwletimiziň abraýyny has belende galdyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbiniň we tumarynyň milli amaly-haşam sungatynyň äheňinde döredilmegi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bolan beýik söýgüsiniň nyşanydyr. Oýunlaryň nyşanlarynda türkmen halylarynyň nagyşlary, milli lybaslar, keşdeler öz beýanyny tapdy. Şeýle-de Oýunlar Akademiýasy tarapyndan Oýunlary guramaçylykly amala aşyrmak üçin 400 sany Türkmenistanly raýatlarymyz aziýa oýunlaryna taýýarlanýar. Olar halkara bilermenleriň ýolbaşçylygynda işlärler we iri çäreleri guramak üçin degişli meýilleşdirmek we amala aşyrmak işlerinde tejribe alýarlar. Sagdyn jemgyýetde sagdyn nesil kemala gelýär. Sagdyn jemgyýeti, sagdyn nesli kemala getirmegiň iň ygtybarly we kämil ýoly sport bilen meşgullanmakdyr. Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki zaman kämil injenerçilik ylmynyň talaplaryna laýyklykda gurlup ulanmaga berlen ähli sport binalary ýaşlarymyzyň hyzmatynda. Bu ajaýyp binalar milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup, şu günki we geljekgi nesillere uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat eder. Mähriban Prezidentimiziň döredip berýän şertlerinden ýerlikli peýdalanyp Türkmenistanly türgenlerimiz halkara standartlarynda laýyk gelýän sport enjamlary ornaşdyrylan sport toplumlarynda, dünýäniň dürli ýurtlarynda özleriniň okuw-türgenleşiklerini geçýärler.Türgenlerimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp ýokary netijelere eýe bolýarlar. Elbetde bu zatlaryň ählisi diňe Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanly türgenler üçin döredip berýän şertleriniň esasynda emele gelýär. Ata Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!