Uly taryh pursatlardan düzülýär. Biz sanlyja gün mundan ozal —2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 26-27-ne ata Watanymyz Türkmenistanda Berkarar döwletimiziň belent hukuk derejesini ýene bir ýola ýokary galdyran, şanly ýyla ýaraşyk beren, dabarasy daglar aşyp, “şirwan perdä” çykan, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyny geçirdik. Bu маслахата onlarça ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärlerini, diplomatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini türkmen paýtagtynda duşurdy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri ýokary guramaçylyk derejede geçirilen bu forum ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda ulag toplumy we onuň ähli pudaklaryny yzygiderli ösdürmäge hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz geografik taýdan örän amatly ýerleşmek bilen möhüm ulag-üstaşyr we logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny ynamly berkidip, ählumumy abadançylygyň bähbidine bu ulgamdaky ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Ol geografik taýdan ýerleşişiň artykmaçlyklaryndan, ýurdumyzyň çäginde ysnyşykly halkara ykdysady goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işine hyzmat edýän sebit we yklym ähmiýetli iri ulag merkezlerini döretmek üçin logistik mümkinçiliklerden hem-de düzümden has doly peýdalanmaga esaslanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitde iri halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Taryhy maslahatda Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ýylda 10-12 million tonna ýüküň daşalmaga ukyplydygy aýratyn bellärliklidir.