Ýurdumuzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelmegi hem-de onuň ýaşaýjylarynyň sanynyň artmagy göz öňünde tutulyp, işlenip taýýarlanylan durmuş ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşaýyş jaýlaryň gurluşugy iň ýokary dünýä ölçegleriniň derejesinde görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy. Muňa mysal hökmünde 11.02.2017-nji ýylda dabaraly açylan Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary “Altyn Gurluşyk”, “Oguz ýoly”, “Mynasyp Zaman” hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan 9 gatly döwrebap monolit görnüşinde gurlan, jemi 360 öýli 8 sany ýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, шол öýler Aşgabat şäheriniň abadanlaşdyryş işleriniň çäklerinde ýaşaýyş jaýlary sökülmäge degişli edilen hojalyklara dabaraly ýagdaýda paýlanyldy. Döwrebap ýaşaýyş jaýyna göçüp gelmek bagty miýesser eden raýatlar bu ýerde döredilen şertler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edilýän alada, aňrybaşy amatly şertlerde täze jaý edinmäge döredilen mümkinçilikler üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Aýratyn bellemeli zat hem, paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumlarynyň durmuş ulgamynyň desgalaryny özünde jemleýändigidir. Şolaryň hatarynda iň döwrebap, multimediýa enjamlary hem-de çagalara bilim-terbiýe bermek we olaryň sazlaşykly ösmegi, mugallymlaryň, terbiýeçileriň netijeli işlemegi üçin hemme şertlere we mümkinçiliklere eýe bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler we çagalar baglary bar. Ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň giň gerime eýe bolmagy netijesinde Aşgabatda her ýylda müňden gowrak maşgala ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelýärler.