Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda ses berdi. Bu saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň 1363-si hasaba alyndy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow we käbesi Ogulabat Berdimuhamedowa, ogly, iki gyzy hem agtyklary bilen geldi. Ilkinji bolup hormatly Prezidentimiziň kyblasy we käbesi, soňra çagalary özleriniň konstitusion hukugyny berjaý etdiler. Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ses berdi. Ses bermegiň barşyny daşary ýurt we türkmen žurnalistleriniň uly topary beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurtda ir sagat 7-de başlandy. Ses bermek Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda hem dowam edýär. Saýlaw uçastoklary 19.00 sagatda ýapylar, soňra sesleri sanamak işi başlanar.