Häzirki wagtda ýurdumyzda Prezident saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek üçin möhüm işler durmuşa geçirilýär. Halkymyz döwletiň Prezident saýlawlaryna uly ähmiýet berýär. Ýurt baştutanyny saýlamak üçin halkyny dogry ýol bilen öňe sary alyp gitjek, Watanymyzyň aladasyny öz üstüne alyp biljek, döwletiň geljekgi ykbalyny kesgitlejek mynasyp adamy saýlamak işine ak ýürekden gatnaşarys. Saýlawlara ylymly-bilimli, tejribeli, abraýly raýatlardan 9 sany dalaşgärler halkymyz tarapyndan hödürlendi. Dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklar geçirýärler. Muňa biz işjeň gatnaşyp, dalaşgärleriň öz öňlerinde goýan maksatlary bilen tanyşýarys. Alnyp barylýan guramaçylykly işler hukuk döwletimizde Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçiriljekdigine ynam döredýär. Nesip bolsa 12-nji fewralda ähli türkmenistanlylar bolup, Prezident saýlawlaryna ýokary raýat işjeňliligi bilen gatnaşyp, agzybir halkymyzy, Watanymyzy ösüşleriň aýdyň, parlak ýolundan diňe öňe alyp barjak mynasyp dalaşgäri Prezident saýlarys. Saýlamaga we saýlanmaga hukuklary doly kepillendirýän ýurdy bolan Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçiriljekdigine ýürekden ynanýarys.